Dark
Light
08.01.2026
04jpgjpg THE ASHGABAT TIMES

Ýurdumyzyň senagaty barha kuwwatlanýar

17.03.2024

Häzirki zaman gurluşyk pudagynda esasy material hökmünde sementiň aýratyn orny bar. Demirbetonyň ýüze çykmagy bilen gurluşyk ulgamynda ägirt uly desgalary gurmaklyk işi barha rowaçlanyp ugraýar. Häzirki wagtda ähli gurulýan desgalardyr binalaryň gurluşygynyň 70% den gowragynda demirbeton ulanylýar.

Biziň ýurdumyzyň Ahal, Balkan hem-de Lebap welaýatlarynda sement öndürýän zawodlar halkymyza hyzmat edýär. Olar ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny çig mal bilen üpjün etmek, şol bir wagtyň ňzünde hem daşary ýurtlara sement önümlerini eksport etmek wezipesini ýerine ýetirýär.

1-nji Lebap sement zawody Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky kararyna laýyklykda, gurlup başlandy hem-de ýylda 1 million tonna taslama kuwwatlylygy bilen 2013-nji ýylda ulanyşa berildi. Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Lebap sement zawodynda PS 500 GO-K TDS 753-2015; PS 400 GO-K TDS 753-2015; görnüşli sement önümleri öndürilýär.

656868658 THE ASHGABAT TIMES

2013-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarydyr talyplaryndan ybarat bolan topar Lebap welaýatynda önümçilik –  tejribe saparynda boldular. Şol saparyň dowamynda 1-nji Lebap sement zawodynyň inženerleri bu zawodyň gurluşy, onda alnyp barylýan işler, sement önümçiligi üçin gerek bolan çig malyň getirilişi, sement önümçiliginiň tehnologiki prosesiniň yzygiderligi, kärhanadaky enjamlar barada maglumatlar, taýýar önümiň ýerlenilişi barada jikme-jik gürrüň berdiler.

Ýaňy – ýakynda bolsa, öňki 1-nji tapgyryň ýanaşyk çäklerinde “Türkmen Enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan zawodyň 2-nji tapgyry bina edilip, Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, halkymyza hyzmat edip başlady. Onuň taslama ýyllyk kuwwaty 1 mln tonna deň. Bu zawodda öňki öndürilýän PS 500 we PS 400 sementler bilen bir hatarda berkligi boýunça has ýokary hilli PS 600 sementiniň önümçiligi hem ýola goýlan.  Netijede Lebap sement zawodynyň 1-nji hem-de 2-nji tapgyrlryndan bilelikde ýylda 2 mln tonna sement önümleri sarp edijilere ýetiriler.

Daýanç SEÝITLIÝEW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dünýä belli tebip Lukman Hekim—Abu Aly ibn Sina (Awisenna) hakda köp rоwaýatlaraýdylýar. Ýöne henizeçenli «üç müň üç ýüz ýaşan» Lukman Hekimiň «Tebipçilik ylmynyn kanunlary» atly bäş tоmluk genial işinden

1 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry ulanyşa goýberildi

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop