Dark
Light
08.01.2026
belaz 75710 5 THE ASHGABAT TIMES

Karýerlerde ulanylýan awtomobil ulag maşynlary

16.09.2024

Türkmenistanda ýer üsti dag işlerinde esasan ýükini özi düşürýän “КрАЗ” we “БелАЗ” kysymly awtomobil ulaglary ulanylýarlar.

Kuzowly awtosamoswallar ýükini yzyna düşürýär.

Ýarym prisepli awtosamoswallar bolsa ýükini yza, gapdala ýa-da aşagynda düşürip biler. Häzirki zaman samoswallar 12-180 t ýük alyp bilýär.

Eger-de karýer awtosamoswallarynyň ýük göterijiligi uly bolanda, onda maşynlaryň öndürijiligi ulalýar, olary seretmäge goýberilýän çykdaýjylar. Ulanylýan awtosamoswallarynyň kuzowlary, ramalary, podweskasy berk ýasalýar. Olar kiçi radius bilen öwrülip bilýärler (8,5…9,5 m).

Häzir karýerlerde şu aşakdaky awtosamoswallar ulanylýarlar:

КрАЗ -256 Б-12 t
БелАЗ –540-30 t
БелАЗ -548-45 t
БелАЗ –549-86 t
БелАЗ –7519-110 t
БелАЗ -7521-180 t

КрАЗ awtosamoswallary kiçiçäk karýerlerde peýdalanylýarlar. Olar susagy 3 m3çenli bolan ekskawatorlar bilen işleýärler. Olaryň tigir formulasy 6×4.

БелАЗ–540, БелАЗ-548 samoswallary (tigir formulasy 4×2) V –görnüşli kuzow bilen üpjün edilendir. Şeýle bolanda onuň agram merkezi peselýär, hem-de beýikligi peselýär.

Olaryň kuzowlarynyň düýbi iki gatdyr. Şol gatyň arasyndan dwigateliň gazlary goýberilýär, sowukda çyg ýükiň aşagy doňmaz ýaly.

Ýokarda agzalan awtosamoswallaryň hemmesi dizel dwigatelleri bilen üpjün edilendir. Olaryň kuwwaty 175, 275, 365, 770, 955, 1690 kWt deňdir.

Parahat ATABAÝEW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

tobolsk neftehim THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

REKTIFIKASIÝA

4 31 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

SÜÝT ÖNÜMLERINIŇ TAÝÝARLANYLYŞY

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop