THE ASHGABAT TIMES

Ösüşleriň baýramy

18.09.2024

Ýurdumyzyň ösüşleri gün- günden öňe barýar. Häzirki döwürde telekeçilerimiziň Garaşszyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli  ýurdumyzda geçirlýän sergilerde köplenç öz işlerimizi ilata hödürlemek bilen häzirki zaman, ösen tehnologiýalaryň kömegi bilen edilýän işleriň has aňsatlaşmagy, ilata edilýän hyzmatlaryň, ýaşaýşyň ýokary derejelerini saglamagy bu ilkinji nobatda biziň maksadymyzdyr.

Garaşszylyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikleriň içinde ýurdumyz pajarlap ösdi. Şol pajarlap ösen zatlaryň içinde hem telekeçilerimiziň eden işleri hem aýratyn öwgä mynsypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen edilýän işleriň üstünlikli amala aşmasyna giňden ýardam berýän Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biz telekçiler hem ýurdumyzda ilata hyzmat etmek üçin işler alyp barýarys. Häzirki döwürde telekeçilere berilýän üns hem öňküden has- da ýokarlandy. Hormatly Prezidentimiz ýaşlara üns bermek bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmek hem- de ony ýola goýmakda ýaşalryň has işjeň gatnaşmagynyň zerurlygy babatynda her gezekki çykyşlarynda durup geçýär.

 Adamzada bagry badaşan bu goja daglar, baglar, derýalar, dag- düzler bilen syrdaş bolmak üçin olara ýakyndan seretmeli. Güýzüň kenaryny erňekläp barýan sady bulutlara seretsene, olar erkin hem- de baglara duýgydaşlyk bildirýän ýaly, dünýä taryhçylaryny hem- de beýleki arheologlary haýran galdyrýar. Ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýadygärlikler elbetde tayrhyň salamyny müňýyllyklardan egtirip, häzirki döwürde Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu ýerde dörän ajaýyp muzeýleriň ilata ýetirilmegi bilen belli boldy. Ýokary hilli netijeleri gazanmak bilen taryhy ýadygärlikleri dolulygyna ,töwerekleýin öwrenmek blsa, eýýäm sowatlylygy talap edýär. Ak paýtagtymyzyň taryhy bilen , türkmen topragynyň taryhy bilen hut Garaşsyzlyk ýyllarynda alymlar gyzyklanmaga başladylar.  Munuň özi taryhymyza sarsmaz diwarlar gurşap alypdyr. Olaryň içinde bolsa ýerli ilat ýaşap, meşhur senetçileri we täjirleri özünde jemläpdir. Häzirki wagta çenli bu ýerde XII asyrda mongollaryň birehim çozuşyndan soňra ýumrulan galadan diňe esasy metjidiň binasynyň bölekleri, ussahanalaryň we jaýlaryň diwarlary, şeýle-de suw üpjünçilik gurluşyny alamatlandyrýan käbir bölek galyndylar saklanyp galypdyr. Şu günki güne çenli geçilrilen taryhy barlaglar netijesinde ilkinji nobatda öz taryhymyza ,soňra dünýä taryhyna degişli zatlar bu ilkinji ädimleriň alamtydyr. Türkmenistan hut  Garaşsyzlyk ýyllarynda öz taryhy , gadymy toprakdygy bilen ýüze çykdy. Gadymyýetden şu güne çenli saklanyp galan galyndylar hem-de gap-gaç bölekleri, gündelik hojalyk enjamlary orta we ýokary synp okuwçylary üçin gyzyklandyryjy bolup biler.Taryh hakykatdan hem öz geçmişini ynsanlaryň ömürleri bilen baglaýar. Taryhda ýaşan gahrymanlaryň geçen ýollaryny yzarlasaň, olaryň bu günki gün ýurdumyzda ykdysady hem- de senagat ugurlary boýunça sarp ediş nokatlarynda tygşytlylygy talap edýän suwlar iň bir zerur zatlar hökmünde bu günki gün aýawly saklanylmaga mynasypdyr.Suw hojalyk meseleleri boýunça hökümetara toparyň işini üstünlikli ýola goýduk. Türkmenistan hut  Garaşsyzlyk ýyllarynda öz taryhy , gadymy toprakdygy bilen ýüze çykdy. Türkmenistanyň çäginde köp sanly taryhy ýadygärlik bar, ýöne olaryň ählisiniň çagalar üçin has gyzykly bolmazlygy mümkindir. Şeýle-de bolsa, bu ýerlerde hem çagalara, esasanam ýurduň taryhy bilen gyzyklanýan çagalarda gyzyklanma döretjek ýerler köpdür.Türkmen topragynyň taryha baý sahypalary bu günki gün dünýä taryhçylarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Amyderýanyň suw serişdelerini peýdalanmak baradaky taryhy Ylalaşyga gol çekilmeginiň şaýady bolmagymyz hem ýurdumyzyň suw ugry boýunça tygşytlylygy saklamak meselelerini oňyn ara alyp maslahatlaşmak boýunça işler agaçlary ýetişdirmek bilen bir hatarda ýurdumyzda suw üpjünçiligini ýola goýmak işleri gadymy döwürlerden bäri ylalaşykly ugur boýunça alnyp abrylýar.Innowasiýalar ulgamynda maksatnamalary amala aşyrylmagy üstünlikli ýeňişlere bolsa, ýurdumyzda gün saýyn artýar.Ähli ugurlarda  syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berilýär. Köpugurly türkmen hem- de beýleki döwletleriň gatnaşygy bu günki gün haswajyp meseleleriň birine öwrüldi. Ynsanperwerlik gatnaşyklary bu gün deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda depginli ösdürilýär.

Ýurdumyz Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk işlerini görýär.Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi duşuşyklaryň anyk netijelerine öwrüldi.Bu ugur boýunça edilýän işler sanardan has köpdür.Garaşsyzlyk baýramçylygyna taýýarlyk işleri häzirden eýýäm dowam edýär.Garaşsyzlyk meýdançasynda tutuljak dabaralar, münberiň gapdalynd atutuljak toý- baýramlaryň şöhrady artyp, Gahryman Arkadagymyza çuňňur sag bolsunlar asmana göteriljek günlerinde ýurt bagtyýarlygyna üstünlikli gadam ädilýändigini duýýarsyň. Şol gün sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bolar. Goňşy döwletlerden myhmanlar geler. Goňşy döwletleriň we halklaryň gadymdan gelýän dostluk, doganlyk däplerine ygrarlydygynyň ösüşlerinden habar berýän medeniýet ulgamynda bolsa, has- da köp işler alnyp abrylýar.Şeýle- de halkara gatnaşykalrynda ediljek işler gelejegi nazarlaýar. Ýurdumyzda çar bagly diýarymyzda raýatlaryň bagtyýarlygyny saglaýan işler bolsa, baglaryň ekilmegi, gök meýdanyň arassa howany sgalap, nesillere goýjak ýadygärligi arassa howa bilen üpjün edilmegi bu günki gün dünýäniň ýüzünde iň öňde durýan işlerdir.

Garaşsyzlyk bolsa, biziň dünýä bilen dostana gatnaşykalrymyzy ýola goýdy. Şu ugry çaglaýan halk bähbitli işler ýeneki günlerde ahs aýdyňlanar. Döşünde watan hyjuwy gaýnap, ýokary okuw jaýynyň göreldeli talyby bolup, okar-da baýramçylykda tapawutlanyp, joralaryndan , dostlaryndan saýlanyp, münberde duran Arkadagymyzyň gollaryny salgap durşyna ýakynjagyndan syn eder,  gözleri ýaşa dolar, begenjinden arkadagyň ýüzlerindäki nura haýran galar. Ana ýene bir baýram , eýýäm näçinji baýram geçer. Ol günki täsir onuň hiç wagt ýadyndan çykmaz…

Illeri töreli, gülleri  kamys,

Ýollary Garaşsyz, gyşyna tomus,

Ýene ýola düşseň, ak atyň alys-

Ýakyn bilen çarpaý galýar, Arkadag…

… Nesilleriň watan bilen aýakdaş,

Bagtly geljek körpeleriň kalpdaş,

Sen bagta bagt saňa kybapdaş,

Bu watanda sürseň döwran Arkadag!

Garaşsyzlyk ! Onsaň men saňa bagtym diýip, neneň ýüzlenmäýin. Öňümde akja kebelege barmagyny çommaldyp, tomarlanyp barýan gyzjagazyma seretsene! Ol nähili bagtly. Bu gün Arkadagyň beren ak bagtynyň içinde oýnap- ýaýnap, asmana seredip, ap- akja kepderä ünjüsizje bakýar. Oguz han atamyz, Magtymguly şahyrymyz, Baýram han, Beýleki şahsyýetlerimiz, dünýäniň çar ýanyna ýaýran türkmen bu gün Garaşsyzlygyň hözürini görüp, Arkadag prezidentine nijeme alkyşlar bilen ýüzlenýändigine buýsanýarsyň! Haçanda seniň arkaňda, bilimiň arkasynda Gahryman Arkadagy syzyp durkaň, dünýede akja kebelekler hem köpelen ýaly. Dünýäniň çar künjünden myhmanlar gelýän gözel paýtagtyňam her gün akja çemeni ýada salýan ýaly.

Arkadagyň ak ýoly bilen öňe barýan türkmen halky bu Garaşsyzlyk günlerinde bagly geljegiň, häziriň hözürini görüp ýaşaýan bolsa, diýmek onda her bir maşgala abadan.

 Ýagty gündizleri öz halkyna peşgeş beren eziz eneler hem bagtly çagalar hem öňküsinden has mähirli ýaly bu gün. Garaşsyzlyk baýramynyň mahmal şemaly paýtagtymyzyň goýnuny serginledýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen türkmen halkynyň Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly bellenilip geçilmeginde bilim dünýäsiniň hem paýy ýokarydyr. Bu bolsa biziň ýüregimizdäki joşgunlary öňküsinden hem artdyrýar.Goý şeýle mümkinçilikleri döreden Gahryman Arakadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Oguljennet DÖWLETOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
uly gyz gala THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beýik Seljuklar imperiýasynyň paýtagty – Gadymy Merw

29122023 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Şahyra sarpa

Soňkylar Makalalar

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

05.03.2025
Ösýän   adam  bedeniniň,  onuň  synalar ulgamlarynyň,   synalarynyň,   dokumalarynyň   wezipeleriniň amala  aşyrylyşynyň  aýratynlyklary  gadymy  döwürlerden  bäri ünsi  özüne  çekip  gelipdir.  Emma  XX  asyra  çenli ösýän

Ýaşlar ýurduň daýanjy

05.03.2025
Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

Ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere tarap

05.03.2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika

Bagtyýar ýyllary aşypdyr Türkmen

05.03.2025
     Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu ýyl  Halkara Bitaraplyk baýramymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleri giňden taýýarlyklar görülýär. Şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň
GitTop