Dark
Light
08.01.2026
tobolsk neftehim THE ASHGABAT TIMES

REKTIFIKASIÝA

16.09.2024

Bir ýa-da birnäçe komponentlerden durýan garyndynyň adaty kowma prossesi, fraksiýalaryň takyk dargamagyny üpjün etmeýär.

Bu fraksiýalaryň has arassa we takyk dargamaklygy üçin rektifikasiýa usuly ulanylýar; ýagny gapma-garşylyklaýyn hereketlenýan bug we suwuk fazalaryň köp saparlaýyn galtaşmaklygy esasynda bug fazanyň pes gaýnaýan komponente baýlaşmagy, suwuk fazanyň bolsa ýokary gaýnaýan komponentlere baýlaşmagy amala aşyrylýar. Rektifikasiýa prosessi rektifikasion sütünlerinde ýerine ýetirilýär. Rektifikasion sütüni dikligine ýerleşen silindr görnüşli apparat bolýar.

Ýokarlygynna görä ýörite rektifikaison tabaklary bilen üpjün edilýär. Bu gaplar boýunça ýokarlygyna bug akymlary, ýokardan aşaklygyna akýan suwuklyk akymynyň içi bilen geçip , sütüniň ýokarlygyna tarap galýar.

Gerekli temperatura çenli gyzdyrylan çig mal rektifikasion sütünine berilýär. Bug sütün boýunça ýokarlygyna galýar, suwuklyk bolsa aşaklygyna akýar. Sütüniň ýokarsyndan aýrylýan buglaryň kondensirlenen bir bölegi sütüni suwlamak üçin gaýdyp gelýär. Ýokaryk galýan buglaryň kömegi bilen suwarýan suwuklyk gyzýar we bugarýar. Bug bolsa öz gyzgynlygyny suwuklygyna berip, bir bölegi kondensirlenme prossesleri sütüniň beýikligi boýunça her bir tabagyň üstünde birnäçe sapar gaýtalanýar.

Rektifikasiýa prosesiniň esasy şertleri: ýokaryk galýan bug Akymy we aşaklygyna akýan flegma akymy, sütüniň gurluşy bug bilen suwuklygyň arasyndaky galtaşmany ýokary derejede üpjün etmeli.Rektifikasion sütüniniň ýokarsyndan alynýan önüme distillýat diýilýär, aşagyndan alynýan önüme bolsa galyndy diýilýär.

Rektifikasion sütüni iki bölümden ybarat bolýar: konsentrasion bölümi kowujy bölümi.

Çygly gazdaky çygyň massa mukdarynyň, gyry gazyň massa mukdaryna bolan gatnaşygyna gazlaryň diýilýär.

Çygly gazdaky suw buglarynyň ppparsial basyşyna absolýut çyglylyk diýilýär. Käbir ýagdaýlarda 1m3Çygly gazdaky suw bugunyň gramda aňladylan massasyna absolýut çyglylyk diýilýär.

Berlen göwrümde, degişli temperaturadaky gaz garyndysynda bar bolan suw buglarynyň massasynyň degişli şertlerdäki doýgun buguň massasyna bolan gatnaşygyna gazyň otnositel çyglylygy diýilýär. Başgaçada otnositel çyglylygy çig gazdaky suw bugunyň parsial basyşynyň degişli temperaturadaky doýgun suw buglarynyň basyşyna bolan gatnaşygy bilen aňlatmak bolar,

Keramgeldi ABDYLLAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

original 161e64e456b4b1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Nebit-gaz pudagynda öňde goýulyan maksatlar

belaz 75710 5 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Karýerlerde ulanylýan awtomobil ulag maşynlary

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop