uly gyz gala THE ASHGABAT TIMES

Beýik Seljuklar imperiýasynyň paýtagty – Gadymy Merw

17.09.2024

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy we medeni gymmatlyklary gorap saklamak boýunça yzygiderli uly işler alyp barýar. Ýurdumyzdaky şeýle ýadygärlikleriň biri-de «Gadymy Merw» Döwlet medeni-taryhy goraghanasydyr. 1999-njy ýylda Gadymy Merw ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Gadymy Merwiň bu abyraýly Sanawa goşulmagynda onuň iki sany möhüm aýratynlygy nazara alyndy. Birinjiden, Merw oazisiniň gadymy we orta asyr şäherleri iň azyndan dört müň ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň medeniýetiniň ösmegine öz öňyn täsirini ýetirip gelipdir. Ikinjiden, Merwiň entek bürünç asyry döwründe Murgap derýasynyň köne binasynyň aşak akymyndaky ýerlerde ýüze çykan we häzir Garagumyň çägeleriniň arasynda ýitip giden gadymy şäherlerinden başlap XV-XVIII asyryň galalaryna çenli döwürde biri-birini yzygiderli çalyşyp gelen şäherleriniň täsin ýerleşiş ulgamy başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan özboluşlylyk bolup durýar.

Bu, Beýik Ýüpek ýolunda ýerleşen iň gadymy we iň gowy saklanyp galan oazis şäherlerinden biridir. Şonuň üçin-de onuň biziň günlerimizde diňe bir taryhçylaryň we arheologlaryň däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekmegi geň däldir. Merwiň çäginde dürli döwürlere degişli özboluşly galalar bar. Olar ölçegi we saklanyp galyş derejesi boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Erkgala (b.e. ö. VI asyr), Gäwürgala (III asyr), Gyzgala (VI asyr), Soltangala (XI asyr), Abdylla han galasy (XV asyr), Baýramaly han galasy (takmynan XVIII asyr). Müňýyllyklaryň sepgidinde Merw üstünden häzirki Özbegistana, Owganystana, Eýrana, Hindistana we beýleki ýurtlara söwda ýollarynyň gidýän iň uly şäherine öwrülipdir. Merw birnäçe asyrlaryň dowamynda ösüp-ulalyp, XII asyryň başynda ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetmek bilen, dünýäniň iň uly şäheri derejesine eýe bolupdyr. Gurluşygy 1157-nji ýylda başlanan Soltan Sanjaryň aramgähi Merwiň öňki beýikliginden ýadygärlige öwrülipdir. Seljuklaryň dolandyran döwründe Merw abadançylyk, bilim we hoşniýetliler tarapyndan tanalýan ajaýyp belentliklere beýgelipdir. Merw oazisiniň şäherleriniň dört müňýyllygyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we tutuş Gündogaryň medeniýetine esli derejede täsir edendigini bellemek möhümdir. Seljuklar şäheri, aýratyn-da, binagärlige we binagärlik bezegine, şeýle hem ylmy we medeni ösüşe täsir edipdir. Merw oazisiniň şäherleriniň we berkitmeleriniň, olaryň şäher meýilnamasynyň yzygiderliligi birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda Merkezi Aziýada siwilizasiýalaryň bolandygynyň ajaýyp subutnamasydyr. Ol ýerde Ýusup Hemedanynyň metjidi ýerleşýär, oňa ýurdumyzdan we goňşy ýurtlardan yzy üzülmän, zyýaratçylar baryp durýarlar.

Merw öz akym ugryny kem-kemden gündogardan günbatara üýtgedýän Murgap derýasynyň akabasynyň boýunda ýerleşýän we onuň bilen baglanşykly bolan şäherler galalar ulgamyndan ybaratdyr. Hut şoňa görä-de, Merwi “göçüp-gonýan”, ýa-da “akymy üýtgedýän derýanyň” şäheri hökmünde häsiýetlendirip bolýar. Derýanyň akaba hanasynyň ugrunyň üýtgetmegi bilen täze ýere göçülmegi sebäpli taşlanan şäherler gaýtadan ilatlaşmandygy sebäpli olaryň galyndysy geçmişiň dürli döwürlerini häsiýetlendirýän möhüm taryhy maglumatlaryň gymmatly “hazynasyna” öwrülip galypdyr. Antik döwürde “Margiana Antiohiýa” ady bilen günbatar ýurtlarynyň ýazuw çeşmelerinde mälim bolan häzirki Gäwurgala ondan ozalky döwürde şäher merkezi bolan häzirki Erkgalanyň bir gapdalynda gurlupdyr. Beýik Seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolan orta asyr Merw şäheri bolsa – häzirki Soltangala-Gäwürgalanyň ýerinde oturman, ondan günbatardaky täze ýere göçürilipdir.

Şemşat GELDIÝEWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
7:58 pm, Mar 6, 2025
temperature icon 13°C
небольшая облачность
Humidity 44 %
Pressure 1022 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 20%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:31 am
Sunset Sunset: 7:04 pm
pr palace2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşar

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ösüşleriň baýramy

Soňkylar Makalalar

Ýaş aýratynlyklarynyň fiziologiýasy

05.03.2025
Ösýän   adam  bedeniniň,  onuň  synalar ulgamlarynyň,   synalarynyň,   dokumalarynyň   wezipeleriniň amala  aşyrylyşynyň  aýratynlyklary  gadymy  döwürlerden  bäri ünsi  özüne  çekip  gelipdir.  Emma  XX  asyra  çenli ösýän

Ýaşlar ýurduň daýanjy

05.03.2025
Ýaşlar döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda öňdebaryjy orna barha ynamly çykýarlar. Çünki ýaşlar ähli tagallalary, bilimleri we ukyp-başarnyklary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

Ýangyç-energetika pudagy uly ösüşlere tarap

05.03.2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika

Bagtyýar ýyllary aşypdyr Türkmen

05.03.2025
     Türkmenistan diýarymyzyň ähli goýnunda şu ýyl  Halkara Bitaraplyk baýramymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleri giňden taýýarlyklar görülýär. Şol baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde dostluk- doganlygyň
GitTop