Dark
Light
08.01.2026
n3oj3izfgdxmomaaj9wgemn8p5kyujss8m9yvrm1zmllu30bexpt3drwqbzh e1619527970410 THE ASHGABAT TIMES

Döredijilik ösüşleriň binýady

03.12.2024

Ýurdumyz medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilendir. Bu ulgamda häzirki zaman gazanylanlary sungatyň dürli görnüşleriniň galkynmagyny hem-de ösdürilmegini, giň medeni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde Diýarymyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň bilim almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany ýylyň-ýylyna artyp, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmek, öz halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini — pikirleri, maglumatlary, gymmatlyklary, däp-dessurlary we beýlekileri netijeli peýdalanýar.

Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, ildeşlerimizi Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Rowaç HUDAÝBERENOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

1597174213 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşky gurşawy aýawly saklamak her birimiziň borjumyzdyr!

65a2391750c30037243703 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Beýik akyldar şahyryň ekologiki ynsanperwerligi

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop