Dark
Light
08.01.2026
llll THE ASHGABAT TIMES

Maglumat – aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ähmiýeti

21.01.2025

Ýigrimi birinji asyrda maglumat tehnologiýalary ilatyň durmuşynyň ähli ulgamynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu gün biziň her birimiz köp işleri öýde, diňe ykjam telefonyň üsti bilen ýerine ýetirip bilýäris. Öňler ep-esli wagt ýitirip, nobatlarda durmak zerurlygy bolan dürli amallary indi sanalgyja sekuntlaryň içinde amala aşyrmaga mümkinçilik berýän enjamlardyr programmalar bar. Bularyň hemmesi maglumat – aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, maglumatlaryň sanlylaşdyrylmagynyň, kagyzlardaky maglumatlaryň elektron göterijilere geçirilmeginiň utgaşdyrylmagynyň netijeleridir. Kompýuterleriň, telefonlaryň, sanly kameralaryň, hemra nawigasiýalarynyň, “bulut” tehnologiýasynyň hasaplamalarynyň giňden ulanylmagy sanly ykdysadyýetiň döremegine we ösmegine itergi berdi. “Sanly ykdysadyýet” adalgasy ilkinjileriň hatarynda kanadaly alym Don Tapskott tarapyndan ulanyldy. Ol internetiň döredilmeginiň we onuň döredýän mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagynyň esasynda işewürlik tehnologiýasynyň üýtgejekdigi baradaky çaklamalary öňe sürdi.

Maglumat – aragatnaşyk tehnologiýalarynyň durmuşymyza okgunly ornaşmagy bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumylaşmagyny, harytlar we hyzmatlar bazarynda, şol sanda maliýe ulgamynda-da bäsdeşligi depginli ösdürdi. Häzirki döwürde sanlylaşdyrmak ýurdy we jemgyýeti ösdürmegiň esasy ugry bolup durýar. Munuň özi ykdysady gatnaşyklara, dünýä söwdasyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Soňky ýyllarda, beýleki döwletlerde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem sanly gurşawyň döredilmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak hem-de geljegiň sanly senagatyny döretmäge gönükdirilen “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” kesgitlenen maksatlardan we wezipelerden ugur alnyp, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly ulgam, sanly tehnologiýalar hem-de sanly hyzmatlar ornaşdyrylýar.

Resulberdi ŞIRMÄMMEDOW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

original 1611b5c0530987 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Energetika pudagy ösüşleriň ýolunda

foto so vstrechi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

“Ýaşyl howa gaznasy üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça taslamalaryň täzelenen düşünjeleriniň tanyşdyrylyşy”

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop