Dark
Light
08.01.2026
dokmaa THE ASHGABAT TIMES

Beýik Ýüpek ýolunyň täze sahypasy

13.06.2025

Senagat toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we innowasion esasda ýola goýulmagy ýurdumyzyň importynyň düzümini kämilleşdirmäge düýpli itergi berýär. Ýurdumyzyň dokma senagaty dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan, eksport ugurly pudaklaryň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka ýurdumyzyň dokma senagatynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga oňaýly mümkinçilikleri döredýär.

Ýeri gelende bellesek, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde guralýan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýony öz işini üstünlikli dowam etdirýär. Aprel aýynda gapylaryny giňden açan iri sergä Türkmenistanyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe bolup, açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hem gatnaşmagy täze taryhy döwrümiziň möhüm wakalarynyň biridir. Şunda milli önümlerimiz bilen bir hatarda, dokma senagatynyň gazananlary hem görkezilip, dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanma döredýär. Şunda milli pawilýonymyzyň 3-nji gatynda ak öýümiziň ýarym aýlaw şekili gadymy haly önümleri we milli saz gurallary bilen bezelip, türkmen ak öýüniň görnüşi janlandyrylýar.

Taryh türkmen topragynyň ähli döwürlerde hem iri medeni ojaklaryň biri bolandygyny äşgär edýär. Ýüpek ýüplüginiň inçeligi ýaly, türkmen halkynyň döredijilik ruhy hem inçe we çuň manylydyr. Bu ruh müňýyllyklaryň dowamynda taplanyp, sungatyň we döredijiligiň beýik güýjüni emele getirdi. Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen diňe bir türkmen topragynyň baýlyklary däl-de, halkymyzyň milli sungaty, medeni mirasy, zehini we ruhy güýji hem bütin dünýä meşhur bolupdyr. Şoňa görä-de, «Turkmentextile Expo — 2025» halkara sergi-ýarmarkasy Beýik Ýüpek ýolunyň täze sahypasydyr, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň döredijilik güýjüniň baýramydyr. Şular bilen birlikde, bu ylmy, sungaty, däbi we ruhy bitewüleşdirýän dabaradyr, milli medeniýetiň, gözelligiň we filosofiki düşünjäniň dabarasydyr.

Ýupar EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

yaslar 24 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beýik ynamyň eýeleri

dokma senagat THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dokmaçylyk: taryh we şu gün

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop