Dark
Light
08.01.2026
dokma senagat THE ASHGABAT TIMES

Dokmaçylyk: taryh we şu gün

13.06.2025

Türkmen topragynda dokmaçylygyň baý taryhy bolup, ol öz gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz: «Merwiň ýüpek matalary zer goşulyp dokalan hytaý, hindi parçalary, Wizantiýanyň gyrmyzy matalary bilen bäsleşipdir» diýip belleýär. Şunda Aşgabatda ilkinji gezek «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň geçirilmegi milletimiziň öz geçmişine we geljegine bolan çuňňur hormatyny hem alamatlandyrýar.

Türkmen topragy Beýik Ýüpek ýolunyň esasy söwda merkezleriniň biri bolmak bilen, dokma senediniň yklymlara ýaýramagynda ähmiýetli orny eýeläpdir. Uly söwda ýoly dokma önümleriniň dünýä ýaýramagy üçin giň mümkinçilikleri döredipdir. Orta asyrlarda Türkmenistanyň çägi dünýä ýüzünde dokmaçylyk senediniň pajarlap ösen merkezleriniň biri hökmünde meşhurlyk gazanyp, esasan hem, gadymy Merwde örän nepis matalar dokalypdyr. Merw çig ýüpegiň we ýokary hilli pagtanyň iň köp öndürilýän ýeri hasaplanypdyr. Orta asyr arap taryhçysy Istahri Merwden köp mukdarda çig ýüpegiň alnyp gidilendigini belleýär. Samany: «Merwde ýüpekçilik bilen meşgullanýan ýörite alymlar öýi bolup, oňa «diwekuş» diýýärler» diýip ýazypdyr.

Beýik Seljuklar döwründe dokmaçylykda çig mal hökmünde, esasan, ýüpek, pagta, ýüň we zygyr ulanylypdyr. Ýüpek we nah matalar bilen bir hatarda, üstki egin-eşik üçin ýüň matalar, düşeklik üçin halydyr kilimler, adamlaryň dürli hojalyk hajatlary üçin ganarlar, çuwallar, horjunlar dokalypdyr.

Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan mata dokmaçylygy türkmen topragynda giň gerimde ösdürilipdir. Dünýäniň köp ýurtlarynda mata önümleri gymmatly haryt hökmünde arzylanypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň dokma pudagynda gazanýan üstünlikleri türkmen dokmaçylygynyň gadymy şöhratynyň gaýtadan dikeldilýändigini görkezýär.

Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

dokmaa THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Beýik Ýüpek ýolunyň täze sahypasy

oba new THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Agrar syýasat: möhüm özgertmeler, wajyp wezipeler

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop