Dark
Light
08.01.2026
ulanylan THE ASHGABAT TIMES

Halkymyzyň milli sungaty we medeni mirasy

13.06.2025

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ilkinji gezek guralan «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkanyň esasy maksady hem ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda öndürilýän, ýokary hilligi bilen biri-birinden tapawutlanýan milli dokma önümlerimize bolan gyzyklanmany artdyrmakdan, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybarat. Şonuň üçin häzir dünýäde dokma pudagynyň iň ýörgünli ýörelgesi bolan ekologik dokma önümlerini öndürmäge ýykgyn edilýär.

Ekologik taýdan arassa çig mala, önümçilik kärhanalarynyň daşky gurşawa hem önümleriň özüne ýaramaz täsir ýetirmezligine, dokma çig malyny gaýtadan işlemäge uly üns berilýär. Dokma pudagyny köpugurly esasda ilerledýän Türkmenistan bu ýörelgelere aýratyn ähmiýet berip, dünýä tejribesiniň gazananlaryny milli däpleri bilen sazlaşykly utgaşdyrýar.

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bol hasylynyň ýetişdirilmegi dokma önümleriniň eksport kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Dünýä dokma bazarynyň 30 göterim töweregini eýeleýän pagta önümlerinde milli önümçiligiň hem ýeterlik paýy bar. Türkmenistan dünýäde pagta süýümini iň köp öndürýän ýurtlaryň hatarynda durýar. Bilermenleriň çaklamalaryna salgylanyp, pagta önümlerine bolan islegiň geljek ýyla çenli 1,5 göterim ýokarlanjakdygyny nazarda tutsak, milli dokma pudagynyň kadaly ösüşi nazarlaýandygyny ynamly aýdyp bileris.

Bir söz bilen aýdylanda, «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka milli dokma pudagyna gyzyklanmany has-da artdyrmakda, bu ugra önümçilik we işewürlik babatda täze hyzmatdaşlary çekmekde, şeýle hem türkmen önümleriniň moda dünýäsiniň häzirki zaman bazarynda ornuny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Adalat ŞAMURZAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oba new THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Agrar syýasat: möhüm özgertmeler, wajyp wezipeler

6121b91d245d430c59dd6e0536b125ec 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sagdyn durmuş ýörelge – sagdyn bedene görelde

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop