Dark
Light
08.01.2026
awaza forum THE ASHGABAT TIMES

Ählumumy tagallalary birleşdirip

20.07.2025

Täze taryhy döwürde geçirilýän halkara we sebit ähmiýetli duşuşyklardyr maslahatlar Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýar. Şu jähetden, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Hazaryň türkmen kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy.

Maslahat bilen ugurdaşlykda birnäçe çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry, hususan-da, halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar. Milli Liderimiziň öwüt-ündewlerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda bu maslahatyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Babajan ATAMURADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

hazar denzi foto THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

BMG-niň howandarlygynda ýokary derejeli maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär

caga tomus 20225555 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Tomus taplama çäreleri

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop