Dark
Light
08.01.2026
bitarap bina taze THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – buýsanjymyz

17.12.2025

Bu gün mukaddes toýumyzda – bu diňe bir senäniň täzeden gelmegi däl. Bu gün biz türkmen halkynyň ýüreginde müňýyllyklardan bäri  ýaşap gelýän parahatçylyk söýüjilik düşünjesiniň dünýädäki tassyklanan beýik nyşany –hemişelik Bitaraplygyň ruhy dabarasyny belleýäris.

Bitaraplyk – bu diňe bir syýasy ugur, diplomatik ýol däl. Bitaraplyk türkmen halkynyň ruhundaky aramlygynyň, hoşniýetliligiň, myhmansöýerligiň beýanydyr. Ol sährada ýeliň ylham bilen öwüsýan ýyly ýüregi ýaly, nur saçyp, giň dünýäni parahatlygyň owazyna garyp dur.

Bitaraplyk syýasaty – dünýä bilen aramlygyň tämiz çesmesi. Bu çeşmäniň suwy hiç bulanyp bilmez. Ol dostlukdan, ynanyşmakdan, hormatdan gözbaş alýar. Dünýä halklary bilen çesmeden suw içende, olaryň ýürekleri rahatlyk bilen doludyr, ýoluna ýagtylyk çaýýar.

Biz Bitaraplygymyz arkaly dünýä ýüzüne şeýle bir habar berýaris:

  • Biz size garşy däl – biz size açyk.
  • Biz garşydaş däl – biz dost.
  • Biz garşylyk däl – biz size hyzmatdaşlyk hödürleýäs.

 Bu mukaddes dereje bize halkara derejesinde uly abraý getirýär. Bitaraplyk halkymyza döredijilik ylhamy berýär, il-ýurt içinde agzybirligi, asudalygy, ylalaşygy goldap, ýaşaýşymyzyň her gününe baý, her ertirine toý ruhuny çaýýar.

Biz Bitaraplygymyza daýanyp geljege ynam bilen barýarys, parahatlykdan güýç alýarys. Hemişelik Bitaraplygyň mukaddes çyrasy elmydama nur saçyp dursun! Bu parahatlygyň, ösüşiň we ynsanperwerligiň ýoluny alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun!

Goý, hemişe parahat we gülläp ösýän Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen halky üçin edýän atalyk aladalarynyň dowamaty dowam bolsun!

Allamyrat MÄMMEDOW,
Mary etrabynyň Ç.Gurbangylyjow adyndaky
19-njy orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

bitarap kitap THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk we ynanyşmak – dünýä nusgalyk ýol

executive order data privacy THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ak Tam tarapyndan täze Jarnama çap edildi

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop