Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň baý milli mirasyny gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu miraslaryň arasynda müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň ýürek mähri bilen ösdürip gelen Ahalteke bedewi aýratyn orun eýeleýär. Ol diňe bir atçylyk sungatynyň kämil nusgasy bolman, eýsem türkmen halkynyň taryhyna, ruhy gymmatlyklaryna we döwletlilik däplerine berk baglanan milli nyşandyr.
Ahalteke bedewi asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň durmuşynda, syýasy-diplomatik gatnaşyklarynda hem-de medeni ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Onuň çydamlylygy, nepis gözelligi we ynsan bilen sazlaşykly gatnaşygy türkmen halkynyň zähmetsöýerlik, batyrlyk we asyllylyk ýaly häsiýetleriniň nyşany hökmünde kabul edilýär. Şonuň üçin hem ahalteke bedewi diňe bir bedew däl, eýsem halkymyzyň milli buýsanjy hökmünde dünýäde giňden tanalýar.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda milli-medeni mirasy goramak we ösdürmek aýratyn üns merkezinde durýar. Bu ugurda ahalteke bedewiniň tohum arassalygyny saklamak, onuň baş sanyny artdyrmak, atçylyk ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle hem atçylyk däplerini ýaş nesle öwretmek, bedewçilik sungatyny ösdürmek we dünýä ýaýmak döwlet derejesinde goldanylýar.
Ahalteke bedewi — türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi we geljegini birleşdirýän ruhy gymmatlyk. Ony gorap saklamak we ösdürmek bolsa halkymyzyň öz milli mirasyna goýýan belent hormatynyň aýdyň subutnamasydyr.
Jahan ATAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby