Alym Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde belleýşi ýaly, halkymyz Magtymguly atamyzyň paýhasyny durmuşyň kanuny hökmünde berk we aýawly tutupdyr. Hut şuňa görä, şahyryñ ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýoly, umumadamzat bähbitli pelsepe-garaýyşlary Esasy Kanunymyz bolan Milli Konstitusiýamyza siňdi.
ХVIII asyryň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragy Gündogaryň çeper söz sungatyny baýlaşdyrmakda, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesini we edebiýatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren, türkmen halkynyň mertebesini belent derejelere göteren beýik akyldar şahyrdyr. Şahyryň döwletlilik, berkararlyk, agzybirlik hakynda asyrlar aşyp gelen isleg-arzuwlary bu gün hasyl boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Ruhyýet köşgünde geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle döwletli işleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň müňýyllyk medeni mirasyny jikme-jik öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleriň diýseň möhümdigini, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy, Gündogaryň akyldary, meşhur şahyr Magtymgulynyň döredijiliginiň, hakykatdan-da, mirasymyzyň dürdänesidigini belläp geçdi. Türkmen edebiýatynyň meşhur nusgawy şahyrynyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanyp 2024-nji ýylda geçiriljek çäreleriň ähmiýetini belläp, milletiň Baştutany şanly senä taýýarlanmak we ähli meýilleşdirilen dabaralary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk komitetini döretmegi tabşyrdy. Hususan-da, Magtymguly Pyragynyň bütin adamzadyň altyn hazynasyna giren iňňän baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur pelsepeçi şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet portalyny döretmek bellenildi. Ilkinji gezek şahyra degişli ähli maglumatlary öz içine alýan «Magtymguly Pyragynyň ensiklopediýasyny» döretmek, sanly we çap edilen görnüşde «Magtymguly Pyragynyň diwanyny» taýýarlamak, türkmen şahyrynyň goşgularyny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek we olaryň tanyşdyryş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak meýilleşdirildi. Halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda pelsepeçi şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmek we wagyz etmek bellenilýär. Şu maksat bilen, 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksady bilen, milli Liderimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly belleniler. Munuň özi akyldar şahyryň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren hem-de parasada ýugrulan eserlerine diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň hem çäksiz sarpa goýýandygyndan nyşandyr.
Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilip geçilmeginde hem uly many bar. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, kämil many-mazmunly goşgulary raýatlary halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň umman ýaly şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň nusgalyk döredijilik mekdebine öwrüldi» diýip belläp geçýär.
Magtymguly Pyragy Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň özbaşdak döwlet, döwletlilik, agzybirlik baradaky garaýyşlaryny has baýlaşdyrypdyr. Azadynyň we Magtymgulynyň döredijiliginde döwlet we döwletlilik temasy uly orun tutýar.
Ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eden arzuwlary hasyl bolup, berkarar döwletimiz barha ösýär, halkymyz parahat döwrüň eşretini görýär. Arkadagly Serdarymyzyň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmeniň milli medeniýeti, sungaty, medeni mirasy, däp-dessury sanly ulgamyň öwüşginleri bilen has baýlaşýar. Medeniýeti, sungaty galkynýan halkyň bolsa ruhy dünýäsi baýlaşýar. Munuň özi barha rowaçlanýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.
Baýram YLÝASOW,
Türkmen Döwlet energetika institutynyň mugallymy