Aşgabadym — bagtymyzyň sakasynda

07.09.2024

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy barha golaýlaýar. Her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan bu şanly senäniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky dabaralarynyň aýratyn many-mazmuna beslenjekdigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki halkymyz bu ýyl Garaşsyzlygyň toýuny üç asyrlap ýurt berkararlygyny arzuwlan dana Pyragynyň ýubileý senesi bilen bilelikde toýlaýar.

Bu günki gün Ýer ýüzünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýlende dünýä jemgyýetçiliginiň göz öňünde, ilki bilen, onuň ak mermere beslenen paýtagtynyň janlanýandygy döwrüň aýdyň hakykatydyr. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky batly depginler bilen ösüşi dünýä nusgalykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen başy başlanan toplumlaýyn şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Aşgabat sanlyja ýylyň içinde häzirki kämil keşbine eýe boldy. Her biri özboluşly binagärlik aýratynlygyna eýe bolan merjen şäherimiziň desgalarynyň ençemesi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Bu kitapda Aşgabadyň öz ady hem aklygyň, mermer öwüşginli binagärligiň nyşany hökmünde orun aldy.

Her bir geçen ýyl paýtagtymyzyň taryhyna özboluşly üstünlikler bilen ýazylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, ak mermerli paýtagtymyzda hem Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatlary, beýik işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Bilşimiz ýaly, 2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzyň we onuň baş şäheriniň dünýä ähmiýetli beýik ösüşleriniň täze tapgyry başlandy. Şol ýyl Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizmek işleri başlandy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikdäki maslahatlarynyň, medeni-köpçülikleýin çäreleriň birnäçesi guraldy. Şol ýyl paýtagtymyzda «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy hem-de «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergisi üstünlikli geçirildi. Netijede, 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Şäherleriň bütindünýä gününde Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilýändigi barada ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň çözgüdi yglan edildi. Elbetde, munuň özi paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik sungatynyň dünýä jemgyýetçiligindäki belent ykrarnamasy hökmünde halkymyzy buýsandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Aşgabadyň dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň hatarynda orun alandygyny-da guwanç bilen aýdyp bileris. Bagy-bossanlyklar bilen sazlaşygy emele getirýän binagärlik keşbi göreni haýrana goýýan paýtagtymyz bu gün bütin dünýäde parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasynda dostlugyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň rowaçlanýan merkezi hökmünde ykrar edildi. Ak mermerli paýtagtymyz diňe bir onuň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem, bütin halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen şäherdir. Sebäbi ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň aýdyň görkezijisi bolan Aşgabatda bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesi, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň belent sarpasy aýdyň şöhlelenýär. Paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly binadyr desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmeýär. Ol halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýedir. Häzirki wagtda şäherimiziň dürli künjeginde abadan ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesiniň gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. Gurulýan döwrebap binalaryň hasabyna gözel paýtagtymyzyň çägi soňky ýyllarda barha giňelýär, Aşgabat halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär.

Gündogaryň beýik akyldary, dünýä edebiýatynyň göwher gaşy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň joşgunyny Aşgabadyň Gün şuglaly ajaýyp keşbinde hem aýdyň görmek bolýar. Paýtagtymyzyň nurana şaýollarydyr köçeleriniň ugrundaky döwrebap duralgalar akyldar şahyrymyzyň dürdäne setirleri bilen bezeldi. Dana Pyragynyň ýubileý senesine bagyşlanan medeni-köpçülikleýin dabaralar ak şäherimiziň ähli künjegini gurşap aldy. Bu sene mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Gojaman Köpetdagyň eteginde söz ussadynyň äpet ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi bolsa üstümizdäki ýylyň iň bir ýatda galyjy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu ýerde dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň 24-siniň heýkeliniň oturdylyp, ýadygärliginiň ebedileşdirilmegi hem paýtagtymyzyň dost-doganlygyň we parahatçylygyň merkezi hökmündäki ähmiýetini nobatdaky gezek pugtalandyrdy.

Tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyzyň häzirki keşbinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigi ähli raýatlarymyzy agzybirlikde, ruhubelentlikde döredijilikli zähmet çekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň mundan beýläkki ösüşlerine hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga ruhlandyrýar. Şeýle eşretli zamanada bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny ýetilen belent sepgitler, täze-täze zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.

Ak arzuwlaryň şäheri bolan Aşgabat baradaky namalar bolsa her bir kalplarda ýaňlanýar.

Daýanç MUHAMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
5:08 am, Sep 19, 2024
temperature icon 19°C
ясно
Humidity 33 %
Pressure 1018 mb
Wind 0 mph
Wind Gust Wind Gust: 1 mph
Clouds Clouds: 0%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:51 am
Sunset Sunset: 7:08 pm
Öňki taryh

Aýdyň maksatlara gönükdirildi

Next Story

Aýdyň maksatlara ugur alyp

Soňkylar Makalalar

Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas

19.09.2024
Hasanak Abu Aly Hasan ibn Muhammet Apbas Nyşapuryň abraýly maşgalasyndan bolupdyr. Çagaly gyndan soltan Mesgudyň hyzmatynda bolup, mylaýymlygy we özüni saklamagy öwrenipdir. Ol özüniň

Hüdük Myradow       

19.09.2024
Hüdük Myradow 1921-nji ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda daýhan maşgalasynda dogulýar.1939-njy ýylda 7-nji synpy tamamlap Hüdük Myradow, traktor brigadada işe başlap 1941-nji ýyla çenli

Ak şäherimiz Aşgabat

18.09.2024
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33  ýyllygy mynasybetli Şäheriň taryhynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aziýanyň hem- de dünýäniň gözünde ak mermere beslenen “Aşyklaryň şäheri” adyny aldy.Munuň özi bolsa,

Halk Maslahaty – agzybirligiň berk binýady

18.09.2024
Şu gün­ler ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy ­jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da­ky möhüm wa­ka —­Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne uly taýýar­lyk gö­rül­ýär. Türkme­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň äh­mi­ýe­ti barada ge­çi­ril­ýän wa­gyz­-ne­si­hat çä­re­lerin­de we
GitTop

Don't Miss