Dark
Light
08.01.2026
0scng92eoaktbdejh0k73r7pyckpuy0ctsy9wojdfqoo2gmaavmev7cfzifs THE ASHGABAT TIMES

Aýdyň maksatlara ugur alyp

08.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz dünýäniň kuwwatly, okgunly ösýän döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da berkidýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan taryhy işleriň özeninde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ileri tutulýan maksat bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan energetika senagatynda gazanylýan üstünlikler aýratyn ähmiýete eýedir. Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň işgärleri bu babatda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda 1 milliard 331 million k/Wt sagat elektrik energiýasyny öndürmegi maksat edinýärler. Bu barada «Balkan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan sanynda habar berlipdi. Bilşimiz ýaly, Milli Liderimiziň oýlanyşykly başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy taryh üçin örän gysga döwür içinde Hazaryň türkmen kenarynyň bezegine, dünýäniň şypahana-syýahatçylyk ulgamynyň merjenine öwrüldi.

Milli syýahatçylyk zolagynda döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň owadan hatarlary ýylsaýyn artýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlan Awaza döwlet elektrik stansiýasy hem 2010-njy ýylda dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Onda jemi kuwwatlylygy 254,2 megawata deň bolan iki sany gaz turbinasy gurnaldy. Gaz turbinalarynyň zerur halatynda dizel ýangyjynda işläp bilmegi olaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir.

Taslama boýunça gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyndan başga-da, bu ýerde 15 sany podstansiýanyň gurlandygyny hem bellemek gerek. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden alnan ýokary tehnologiýalardyr enjamlara daýanýan önümçilik desgasynyň işleri halkara ülňülere hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň kadalaryna doly laýyk gelýär. Häzirki zaman önümçilik mümkinçiliklerine eýe bolan elektrik desgasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge şert döretmek bilen birlikde, ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň sazlaşykly işlemegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitleriniň köptaraply ykdysady mümkinçilikleriniň toplumlaýyn herekete girizilmeginde bu energetika desgasynyň mynasyp goşandynyň bardygyny tassyklaýar.

Energetika senagatynyň okgunly ösmegi üçin zerur bolan şert-mümkinçilikleriň geriminiň barha giňemeginden ruhlanyp işleýän Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň zähmet topary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen döwrüni mynasyp zähmet görkezijileri bilen jemlemegi başardy. Bu döwürde 743 million 398 müň k/Wt sagat elektrik togy öndürildi. Öndürilen elektrik energiýasynyň umumy möçberi göz öňünde tutulandakydan 13 million 398 müň k/Wt sagat köp bolup, meýilnama 102 göterim hötde gelindi. Önümçiligiň ösüş depgini 120 göterim ýokarlandy.

Amanmyrat AÝMYRADOW,
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2021 05 10 6098c9d1cf425267069063 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Aşgabadym — bagtymyzyň sakasynda

yer usti gecelge THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Beýik döwrüň şanly sahypasy

07.01.2026
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen
GitTop

Don't Miss