Dark
Light
07.01.2026
2 THE ASHGABAT TIMES

Garaşsyzlyk – ýurdumyzyň sarsmaz geljegidir!

20.09.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ajaýyp zamana. Şu ajaýyp zamanamyzyň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Bagtyýar ilimiziň senenamamyzyň ajaýyp, naýbaşy baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan gününiň her biri hormatly Prezidentimiziň oňyn özgertmeleriniň, bagtyýar başlangyçlarynyň agzybirlik we tutanýerlilik bilen durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde şanly wakalara beslenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly rowaçlyklara beslenen ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji sentýabrynda agzybir halkymyz bir supranyň başyna jem bolup, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny ýokary ruhubelentlik we buýsanç bilen giňden bellär. Garaşsyzlyk – halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Garaşsyzlyk – halkyň ykbaly.

Biziň ata-babalarymyz hemişe garaşsyzlygy, azatlygy, erkinligi arzuw edip gelipdir. Ata-babalarymyzyň arzuw eden zamanasynyň gelip ýetenine şu ýyl 33 ýyl dolýar. Ynha, indi 33 ýyl bäri türkmen halky erkana ýaşaýar. Ilimiz diline, dinine, milli däp-dessurlaryna, şöhraty eýýamlara ýaň salan ata-babalarymyzyň edim-gylymlaryna, görüm-göreldelerine, dogduk Diýaryna eýe boldy. Indi Türkmenistany bilmeýän, onuň ähli ugurdan ösüşlerini görmeýän ýurdam, halkam ýok bolsa gerek. Häzirki döwürde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hatarynda barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň ähli ugurlarda uly ösüşler gazanmagyna öz oňyn täsirini ýetirdi. Şeýle ösüşler biziň ylym-bilim ulgamymyzda hem durnukly saklanýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda… taryhy ösüşleri üpjün edýän Garaşsyzlyk ýoly bilen öňe barýar. Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.

Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen ýoly beýleki köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, olar täze maksatlara, ösüş menzillerine ýetmegiň özeni bolup hyzmat eder.

Kakadurdy MELÄÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Grammatik derňew nusgalary

mervturkmenistan THE ASHGABAT TIMES
Next Story

ISGENDERGALA

Soňkylar Makalalar

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň
GitTop