Dark
Light
07.01.2026
1597174213 THE ASHGABAT TIMES

Daşky gurşawy aýawly saklamak her birimiziň borjumyzdyr!

03.12.2024

Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsinden aýawly peýdalanmak, onuň baýlyklaryny gorap, gözelliklerini geljekki nesillere miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Suwa, ýere, agaçlara, haýwanat dünýäsine seresap çemeleşmelidigini ündäpdirler.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy goramak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Gök zolaklary döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly käbir ýüze çykýan ýagdaýlara garşy göreşmek baradaky bütindünýä işine ägirt uly goşantdyr.

Ýaz we güýz pasyllarynda ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi mähriban Watanymyzyň görküniň has-da artmagyna oňyn täsir edýär. Şeýle-de munuň dag etegindäki akabalaryň we derýalaryň boýlaryndaky, deňiz kenaryndaky jeňňellikleriň giňelip, haýwanat dünýäsiniň ençeme görnüşleri üçin ajaýyp mesgene öwrülýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

Tebigaty we onuň gymmatly baýlyklaryny aýap saklamagy başarýan nesli terbiýelemek ata-eneleriň, çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, mekdep mugallymlarynyň paýyna düşýär. Çagany ýaşlykdan tebigat baýlyklaryna gowy garaýyşly edip terbiýelemek üçin oňa söýgi döretmeli. Şu maksat bilen okuwçylary seýil baglaryna, sähralara, daglara tebigatyň gözel ýerlerine gezelenje çykaryp, ýylyň ähli paslynda tebigatyň gözelligine höwes döretmeli. Baýyrlary, daglary bezäp oturan gülälekleriň, çigildemleriň, jümjümeleriň diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem ýakymly yslary bilen hem adamlary özüne çekýändigini, ähli ösümlikleriň ynsan saglygy üçin peýdalydygyny olara gürrüň bermeli.

Türkmen halky gadymy döwürden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap gelipdir. Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Göwher AMANJANOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

glavy mid turkmenistana i rf obsudili ukreplenie sotrudnichestva THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Russiýa hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar

n3oj3izfgdxmomaaj9wgemn8p5kyujss8m9yvrm1zmllu30bexpt3drwqbzh e1619527970410 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Döredijilik ösüşleriň binýady

Soňkylar Makalalar

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň
GitTop