Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagy netijesinde, Aziýa sebitiniň döwletleri bilen hoşniýetli dialog ýola goýuldy. Olaryň hatarynda Ýaponiýa bilen gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparyny amala aşyryp, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmagy, şeýle-de ýokary derejeli duşuşyklaryň birnäçesini geçirmegi bu strategik hyzmatdaşlygyň binýadynyň berkidilmeginde täze tapgyry alamatlandyrdy.
Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» formatyna diňe bir diplomatik duşuşyklar üçin meýdança hökmünde däl, eýsem, halkara gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda-da netijeli gural hökmünde garaýar. Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyz dialogyň çäklerinde özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy milli we sebit derejesindäki strategik taslamalara öwürmäge ukyply ýurt hökmünde dialogda eýeleýän möhüm ornuny tassyklady.
Sammite gatnaşyjylar energiýa serişdelerini ibermegiň durnukly zynjyrlaryny pugtalandyrmak, Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek, senagat we beýleki ulgamlara emeli aňy ornaşdyrmak, Merkezi Aziýada wodorod energetikasy tehnologiýalaryna maýa goýumlary çekmek, medeni we akademiki alyşmalary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň sammitiniň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet we energetika babatda ministrler derejesindäki Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran iş sapary we «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjek möhüm waka boldy. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň toplumy ýakyn geljekde giň möçberli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýdy.
Mähriban BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.