Taryhyň şöhratly sahypalary

28.10.2024

Aşgabadyň birnäçe kilometr gündogarynda beýik baýryň üstünde gadymy Seýit Jemaleddin metjidiniň galyndylary bar. Bu ýadygärlik XV asyra degişli bolup, dört desgadan – metjitden, onuň öňündäki kümmediň üstündäki binadan hem-de beýik gümmezli iki sany jaýdan durupdyr. Binanayň girelgesiniň mozaika bölekleri muzeý ekspozisiýasynda diwara berkidilip giňden beýan edilip göpkezilýär bişen kerpiçden bina edilen metjit keramiki mozaika we syrça bilen kemsiz bezelipdir.

Belent girelgesinde inli, depesi çowly arkasy bolan metjidiň gapysy howlynyň içine tarap açylýar eken. Metjidiň nagyş suratlary irki döwür keramika nagyşlary, şeýle hem haly sungatynyň nagyşlary bilen häsiýetlenýär. Ýadygärligiň esasy gymmatlylygy türkmen halkynyň ata-babalaryndan miras galan çeperçilik äheňi açyk duýulýar.

Olar köplenç tegelek, gönüburçlyk, üçburçlyk, alty sekizburçly ýyldyz, göni we çyzyklar görnüşinde ýerine – ýetirilipdir. Daňdanakan galasyndan güjügiň faýansdan edilen kiçijek şekiliniň tapylmagy garaşylmadyj açyşdyr. Ol ähli aýratynlyklary bilen tohumlyk türkmen alabaýynyň şekilini emele getiripdir.

Gahryman Arkadgymyz hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen öz topraklarymyzyň taryhyny bilmek biz ýaşlar üçin görelde mekdebidir. Berkarar döwletimiziň täz eýýäminiň galkynyş döwründe uly buýsanç bilen muny aýtmaga hakymyz bar.

Ýer ýüzüniň siwilizasiýalarynda at alan nokatlaryň ýene biri hem elbetde Nusaý şalygydyr.Türkmen topragynda ýerleşýän siwilizasion nokatlaryň esasylarynyň biri bolmak bilen bu şalygyň dünýäniň çar künjüne ýaýarandygy subut edildi. Gymmatlykalry özünde jemlemei bilen bu şalygy öwrenmek işleri hem dünýäniňçarkünjünde alnyp abrylýar. Türkmenistan beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, häzirki döwürde dünýäniň alymlarynyňdyr, syýahatçylarynyň ünsüni özünde jemleýän beýik medeniýetleriň arabaglanşygyndaky täsin özüne çekiji nokatdyr. Her gysym ýerinden bereket önüp duran türkmen topragynyň esasy bölegini taryhy ýadygärlikler toplumy eýelemek bilen 21 asyryň üns merkezinde durýan – beýik siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny özünde jemleýän medeni ojaga öwrülmesi, Türkmen topragynyň hiç wagt hem alymlary perwaýsyz goýmandygyny alamatlandyrýar.

Gadymy siwilizasiýalaryň arabaglanyşygyny emele getirýän halkanyň içinde türkmen topragynyň bolmagy, şol halkada emele gelen, taryhyň beýik medeniýetlerini özünde jemleýän tapyndylar türkmen topragynyň, has dogrusy Jeýhun bilen Bahry Hazar arasyndaky sallançagyň dünýäniň ösen medeniýetiniň bir nokadydygyny diňe 21 asyrda- Agraşsyzlygy alanyndan soň subut edildi. Ýagny Gadymy Marguşdan tapylan ýerasty şäher, Ahal welaýatynda ýerleşýän altyn depe taryhy medeni gatlak, Änew medeniýetini özünde jemleýän tapyndylar türkmen topragynyň hiç wagt ýönekeý bir taslamalar bilen däl- de eýsem hakyky barlyklar bilen özen alýandygyny subut edýär.Elbetde siwilizasialaryň şahalary näçe çuňlaşdygyça olaryň gadymylygyny subut edýän subutnamalaryň tapylmagy hem tebigydyr.

Gadymy siwilizasiýalaryň nokatlarynyň naýbaşylarynyň biri bolan Änew medeniýeti dünýä siwilizasiýasynyň iň irki gatlagyndaky medeniýetleriniň gelip çykyşyny öz içine alýar. Biziň eramyzdan öň 6 njy müňýyllyklara degişli bolan Änew medeniýeti paýtagtymyz Aşgabat şäherini etekläp oturan Änew şäherçesinde şeýle- de dünýäniň iň irki medeniýetleri gazylan ojaklardan tapylan tapyndylaryň dünýäniň iri siwilizasion merkezlerine degişli Aşgabadyň daş- töwertegindäki taryhy ýerlerimiziň bu günki gün syýahatçylary hem- de bilermenleri özüne çekýändigi bilen düşündirilýär. Beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy.Garaşsyzlyk ýyllary Türkmen taryhynyň has içgin öwrenilmegi bilen taryhçylar hem-de alymlar tarapyndan açylan ylmy çaklamalardyr, subutnamalar bu gün bu topraklarda emele gelen siwilizasiýalaryň kökleriniň dünýäniň çar künjüne ýaýrandygyny subut etdi.Munuň özi soňky ýyllarda GAHRYman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen has giňişleýin amala aşyryldy hem-de dünýä halklarynyň medeniýetine öz goşandyny goşan türkmen halkynyň hem gadymy halkdygyny subut edýän subutnamalaryň üstünden baryldy.

Taryhymyzy, geçmişimizi öwrenip, nesilleri şöhratly taryhymyz bilen tanyşdyrmak biziň ýurdumyzda aýratyn sarpa mynasyp boldy.Hut Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň gadym taryhymyzyň ýaňy dünýä doldy.Gahryman Arkadagymyzyň türkmen topragyna goýýan sarpasyna esaslanyp,”2024-nji ýyly “Änew şäheri- türki halklarynyň medeni merkezi”diýip,yglan edildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhymyza has çuňňur çemeleşmegiň hem-de ony ýaş nesillerimize miras goýmak babatynda edilen işleriň naýbaşysydyr.“Günbatarda irki zamanlarda “Ähli ýollar Rime eltýärler” diýen aýtgynyň meşhur bolşy ýaly,orta asyr Gündogarynda hem “Ähli ýollar Merwe eltýärler diýlendigi bilen ylalaşmazlyk mümkin däl” Gurbanguly BerdimuhammedowTürkmenistanyň Prezidenti.“Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregidir” “Zeminiň buýsanjy”adyny alan Goňurdepe otparazlygyň mekany bolup,ol iň gadymy siwilizasiýalar bolan Assuriýa we Wawuilion,Mesepotamiýa medeniýetleri bilen bäsleşige girip bilen gadymy adamzat gymmatlyklaryny özünde saklaýan siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýä özüni ykrar etdirdi. Aňňat- aňňat gum depeleriniň üsti bilen uzak günorta ýa- da günbatara süýşen kerwende tütjarlar hem söwdegärler,şeýle- de ylym adamlarydyr, günlükçiler hereket edipdirler.

Äpet gumuň süýşýän çaglarynda, iň gadymy asyrlarda, adamlaryň tebigatdan gorkusy az bolmandyr. Beýik siwilizasiýalaryň gatnaşygynda elbetde medeniýetleriň roly uludyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde öz taryhymyzy öwrenmäge, Nusaý, beýleki ýadygärlikler we Änew şäherçesiniň taryhyny öwrenmek bilen onuň gadymylygyna göz ýetirmek Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen dünýäniň iň täze siwilizasiýon merkezine öwrülmegi bize buýsançly hem şöhratly taryhy bolan halk hökmünde dünýä taryhyna goşant goşdy. Bu bolsa bizi buýsandyrýar.

Jemal RAZYÝEWA
Lebap welaýatynyň
Çärjew etrabynyň
29-njy orta mekdebiniň
taryh mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
12:48 am, Nov 23, 2024
temperature icon 12°C
пасмурно
Humidity 71 %
Pressure 1025 mb
Wind 7 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:55 am
Sunset Sunset: 5:50 pm
Öňki taryh

Türkmen alabaýy- milli mirasymyz

Next Story

Ýaşlar-Watanyň aýdyñ geljegi

Soňkylar Makalalar

Rysgal-berekede beslenen türkmen topragy

22.11.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Olar bilen bir

Ýurdumyzda uly ösüşler

22.11.2024
Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk-senagat toplumynda, himiýa senagatynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň

Mugallym sarpasy

22.11.2024
Mugallymçylyk dünýäde iň gadymy hünärleriň birihasaplanýar. Onuň ähmiyeti hiç haçan kemelmez, sebäbi okuw we terbiýe jemgyýet üçin hemişelik gymmatlyklar bolup durýar.Olaryň kömegi bilen jemgiýet

Kosmos giňişligi

21.11.2024
Kosmos giňişligini özleşdirmek Yeriň emeli hemrasyny goýberilen gününden başlady. Raketa tehnikasynyň we kosmonawtikanyň ösmegi geodezistleriň öňünde gaty çylşyrymly we özboluşly meseleleri goýdy. Mysal üçin,
GitTop