Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň meşhur şahsyýetlerini, nusgawy şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligi ylmy taýdan düýpli öwrenilýär, olaryň gymmatly mirasy halkymyza elýeterli edilýär. Bilşimiz ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenip geçiler. Bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda” Kararyna laýyklyk-da, ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda, şanly sene mynasybetli toplumlaýyn işler giň gerimlerde alnyp barylýar. Ruhy seždegähimiz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi bolsa buýsançly wakalaryñ üstüni ýetirdi. Sebäbi beýik söz ussadynyň gymmatly edebi mirasy, döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren goşgulary çeperçiligi, many taýdan çuňlugy, pikir goýazylygy, milli mazmuna baýlygy, ynsanperwer garaýyşlary bilen aýratyn tapawutlanýar.
Aslynda, türkmen halky gadym döwürlerden bäri zenanlara öý-ojagyň eýesi hökmünde garap, aýratyn hormat-sarpa goýýar. Biziň halkymyzyň zergärçilik sungatynyň hem aglaba bölegi aýal-gyzlaryň dakynýan şaý-sepleri bilen baglanyşyklydyr. Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy hem ussat zergär bolupdyr. Elbetde, bu hem belli bir derejede dana şahyrymyzyň aýal-gyzlara goýan çäksiz sarpasyndan nyşan bolsa gerek. Akyldar gelin-gyzlara örän uly hormat goýýupdyr. Akyldar şahyryň umman ýaly giň we çuň manyly, köptaraplaýyn döredijiliginde türkmen halkynyň durmuşy, däp-dessurlary bilen birlikde gelin-gyzlaryň mertebesi, gylyk-häsiýetleri, edep-ekramy, görk-görmegi bilen baglanyşykly ençeme şygyrlary döredipdir. Pyragy zenanlaryň maşgalada, durmuşda, jemgyýetde tutýan uly orny baradaky pikirleri öňe sürüpdir. Şahyr:
Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa-
diýmek bilen, gelin-gyzlary maşgalanyň görki, durmuşyň bezegi hasaplaýar.
Magtymguly Pyragy gelin-gyzlar barada ýazan goşgularynda olaryň maşgaladaky ornuny, mertebesini, çeper elliligini hem wasp edýär. Olary maşgalada erkekleriň pikirdeşi, şatlygy, gaýgyny deň paýlaşýan, durmuşyna bezeg berýän, wepaly ýanýoldaşy hasaplapdyr. Bu barada:
Döwletli är gerek, söweşde serhoş,
Ýat bilen baryşsaň, bolar sen gardaş.
Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz syrdaş
Bu döwlet hiç kimiň eline degmez.
─ diýip ýazypdyr.
Şahyr zenan üçin maşgalada çaga terbiýesiniň zerurlygyny şeýle nygtaýar:
Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,
Edebin, ekramyn, oturşyn görüň.
Sebäbi çagalary watansöýerlik, ahlaklylyk, ynamlylyk ruhynda terbiýelemek işinde esasy borç zenanlaryň─ maşgalanyň bikesiniň egnine düşýär. Sebäbi eneler gije – gündiz balalarynyň aladasy bilen dem alýar. Şahyr zenanlaryň maşgalada, çagalary terbiýelemekde, aýratyn hem asylly, edep-ekramly, işjeň gyzlary we mert, batyrgaý, watana wepaly, il-halkyň aladasyny edýän oglanlary kemala getirmekde uly hyzmatynyň bardygyny nygtaýar. Magtymguly Pyragy öý bikesiniň akyllylygy, zähmetsöýerligi, salyhatlylygy bilen gyzlaryna görelde görkezmelidigini ündeýär. Bu günki gün zenan mertebesini nusgawy eserlerinde göteren şahyryň gelin-gyzlar hakdaky eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Akyldar şahyryň gelin-gyzlar hakdaky şygyrlary, pentleri we öwüt nesihatlary halkyň ýüreginiň töründe orun tapdy. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda zenan mertebesi belentde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyñ: ,,Enä tagzym – mukaddeslige tagzym’’ atly kitabynda: ,,Zenan düşünjesine halkymyz ,,ene’’, ,,uýa’’, ,,aýal dogan’’, ,,ömürlik durmuş hemrasy’’ diýen manylarda garaýar’’ diýip örän parasatly belläp geçýär. Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe kalby mähirden doly zenanlarymyz bagtly durmuşda ýaşap, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda halal zähmet çekýärler, nesil terbiýeleýärler.
Goý, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, ulus-ilimizi dana şahyrymyzyň arzuwlan ajap eýýamyna ýetiren, Berkarar Watanymyzy ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary has-da rowaçlyga beslensin!
Dinara AHMEDOWA
Türkmenistanyň Döwlet
energetika institutynyň talyby