Dark
Light
04.01.2026
dsc 5676 THE ASHGABAT TIMES

SPORT SAGLYGYŇ GIREWIDIR

26.04.2024

Asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda hem Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Şu ýyl Bütindünýä saglyk gününde köp sanly sport çäreleri guralýar, olaryň arasynda Watanymyzyň ähli sebitlerini öz içine alýan däp bolan köpçülikleýin welosiped ýörişler has ähmiýetlidir.

Her ýyl Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde guralýan çärelere gatnaşmaga höwesekleriň sany artýar. Muňa mysal edip hem Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda  sportyň estafeta, tanap çekmek, 100 metr aralyga ylgamak, şaşka, küşt, stol tenisi we kiçi futbol görnüşleri boýunça bäsdeşikler geçirildi.Mekdebimiziň talyplarynyň arasynda geçirilen   nobatdaky bäsdeşikler hem talyplara berk beden saglygyny, şähdaçyklygy, ruhybelentligi, ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Sport bäsdeşiklerde 1-nji orna Weterinar lukmançylygy dersleri usuly birleşmesiniň talyplary, 2-nji orna Ykdysadyýet we dolandyryş dersleri usuly birleşmesiniň talyplary, 3-nji orna bolsa Gidromeliorasiýa dersleri usuly birleşmesiniň talyplary mynasyp boldular. Bäsdeşige gatnaşyjylara hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maksad SAPARBAÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň Kärdeşler Arkalaşygynyň
ilkinji guramasynyň başlyg
y

Leave a Reply

Your email address will not be published.

oscar picture THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Oskar üçin täze düzgünler girizildi

1 0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kompýuteriň programmalaýyn işleýişi

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop