Dark
Light
04.01.2026
20 02 ssss THE ASHGABAT TIMES

Kompýuter tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy

03.06.2024

Türkmenistan ýurdumyzyň alyp barýan içerki we daşarky syýasaty şu günlerki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ägirt uly itergi berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary pajarlap ösýär, ylymda we bilimde düýpli özgerişler dowam edýär. Bilim edaralary häzirki zaman ösen tehniki serişdeler, şol sanda kompýuterler bilen doly abzallaşdyrylýar.

Komýuter tehnikasy hemişe kämilleşýär. Şol bir wagtyň özünde informasiýalary tehniki toplamagyň, gaýtadan işlemegiň we beýan etmegiň usullary hem ösýär, özgerýär. Soňa görä-de informatika ösýän ylymdyr.

Informatika – informasiýa baradaky ylymdyr. Informasiýa adalgasy latyn “informatio” diýen sözünden gelip çykandyr we maglumat, düşündirmek, beýan etmek diýmegi aňladýar.
Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini düzgünleşdirmek-döwlet tarapyndan Türkmenistanda Internet toruny ösdürmegiň ýörelgelerini, hukuk kadalaryny, guramaçylyk düzgünlerini we tehniki amallaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, olaryň binýadynda ýurtda internet-hyzmatlaryny hödürlemek amala aşyrylýar.

Emeli aň kompýuter ylmynyň bir bölegi bolup, awtomatlara akylly şekilde pikirlenmegi we özüni alyp barmagy öwretmek boýunça ylymdyr. Özbaşdak öwrenip bolýan programmalaryň döremegi we ösmegi bilen, emele gelýän täze ugurlaryň hatarynda emeli aň ösüşiň öňdäki hataryndadyr.
Emeli aň häzirki we geljekki maglumatlary ýygnamak we gaýtadan işlemek ses, ýüz tanamak, el ýazgylary tanamak boýunça köp sanly gündelik işleri alyp barmaga ukyplydyr. Internetde maglumat gözlemek, maglumatlar toplumyny seljermek, çylşyrymly modelleri görmek bularyň hemmesi emeli aň arkaly amala aşyrylar. Ol wideo oýunlarynda hem giňden ulanylýar. Mysal üçin, küşt programmalarynda.

Ogulmaral KAKABAÝEWA
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

butindunya welosiped guni l08cneqzf6 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni: Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

look.com .ua 199255 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çyrany kim oýlap tapdy?

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop