Dark
Light
04.01.2026
i 9 scaled THE ASHGABAT TIMES

Ýaş nesilleriň sagdynlygy – geljegimiziň aýdynlygy

17.02.2025

Çagalary hemmetaraplaýyn alada, mähir we söýgi bilen gurşap almak türkmen halkyna mahsus ýörelgedir. Munuň özi häzirki wagtda ýaş nesliň abadan geljegi ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işlerde has aýdyň ýüze çykýar. Bu ugurda 2021-nji ýylda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň giň gerimli işleri alyp barýandygyny bellemek gerek. Çagalara paýtagtymyzyň, welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylara, çagalar öýlerinde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga pul serişdelerini bölüp bermek asylly däbe öwrüldi.

Türkmen halkyna mahsus ýörelgelere laýyklykda, dostlukly ýurtlaryň birnäçesiniň çylşyrymly durmuş ýagdaýynda galan çagalaryna hem ynsanperwerlik kömekleri ugradyldy.

Soňky ýyllarda Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Lukmançylyk we ylmy diplomatiýada hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek bilen, Türkmenistan dünýäniň iri ugurdaş we ylmy-barlag merkezleri, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeltdi. Bu bolsa oňyn netijeleri berip, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagy ýaly esasy görkezijilere gönüden-göni täsir etdi.

Ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygynyň dikeldilmeginde şypahana bejergisi möhüm ähmiýete eýedir. Döwrebap şypahanalaryň gurulmagy we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi arkaly bu infrastrukturanyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Olar enjamlaşdyrylyş derejesi, hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleri boýunça dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezleri bilen bäsleşmäge ukyplydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryndan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerinden ugur alnyp, bu möhüm durmuş ugurly pudagyň öňünde täze wezipeler goýuldy.

Selbi AZIZOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

5kaeisoknpp6bvbbvpfsk4ym6bce0o 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleri köptaraply hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny maslahatlaşdylar

1569682877 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop