Dark
Light
04.01.2026
image THE ASHGABAT TIMES

Biologik dürlüligiň häzirki zaman ekologiýa ýagdaýy

24.04.2025

Her bir döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ekologiýa meseleleriniň döwrebap çözgütler bilen utgaşdyrylmagy zerur şertleriň biri-dir. Biologik  dürlüligi,  aýratyn-da,  seýrek  duşýan,  gymmatly görnüşleri we tebigy populýasiýalary gorap saklamak hem-de köpeltmek umumadamzat ähmiýetli wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar.

 Dünýä ýurtlarynda aýratyn goralýan tebigy ýerlerde görnüşleri we toplumlary (populýasiýalary) gorap saklamak, dikeltmek we sanyny artdyrmak,  seýrek  we  ýitip  barýan  görnüşleri  öňki  ýiten  ýerlerine gaýtaryp  getirmek,  täze  ýerlere  uýgunlaşdyrmak  bilen  bagly  işler, ösümlikleriň seýrek görnüşlerini medeni şertlerde ösdürip ýetişdirmek we  olaryň  tebigy  ýaýran  ýerlerini  gorap  saklamak,  tebigatyň  ýyl ýazgysyny yzygiderli ýöretmek, täze ylmy maglumatlary toplamak,  ekologiýa ýagdaýy hem-de ilatyň habarlylyk derejesini ýokarlandyr-mak  boýunça  işler  alnyp  barylýar. Görnüşleri  goramagyň  çäginde seýrek duş gelýän ösümlikleri ýygnamak we haýwanlary awlamak, olaryň ýumurtgalaryny ýygnamak, tutmak, kolleksiýa üçin toplamak, görnüşleriň we toplumlaryň (populýasiýalaryň) ýaşaýyş ýerlerine zeper ýetirmek gadagan edilýär.

Ýer ýüzünde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň hem biologik dürlülige örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna-bärsine  göz  ýetmeýän  çägeli  çöllerimiz,  tolkun  atyp  ýatan deňizdir derýalarymyz, süýji suwly dag çeşmelerimiz Watanymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär.

Türkmen halky asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy  gorapdyr  we  tebigat  täsinliklerini  özüniň  milli  mirasyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr, el işlerinde, aýdym-sazlarynda  ajaýyp  tebigatymyzy  suratlandyryp  görkezmegi başarypdyr,  dünýä  belli  türkmen  halylarynyň  reňkini  dürli  ösümliklerden  alyp  bezäpdir,  ýüzlerçe  dermanlyk  ösümlikleri  halk  luk-mançylygynda ulanypdyr. Şonuň üçin türkmenlerde tebigata bolan aýratyn  sarpa,  hormat  asyrlarboýy  saklanyp  galyp,  nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.

Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp geneti-ki gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek, indiki nesillere ýetirmek häzirki  döwrüň  iň  wajyp  meseleleriniň  biridir.  Şu  nukdaýnazardan  Türkmenistanyň  Gyzyl  kitaby  örän  möhüm  ähmiýete  eýedir, biodürlüligiň hazynalar çeşmesidir.

Daýanç SÄHEROW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 42 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Biogeografiýa ylmynyň ösüşi

17fefcdfd1423e9557a3da5ce117e5cf original.68232 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport – saglygyň girewidir 

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop