Dark
Light
04.01.2026
17fefcdfd1423e9557a3da5ce117e5cf original.68232 1 THE ASHGABAT TIMES

Sport – saglygyň girewidir 

24.04.2025

 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş toplumlarynda-da göz öňünde tutulan. Olaryň çäklerinde çagalar üçin oýun, futbol, tennis meýdançalary we beýlekiler hereket edýär. Muňa aýdyň mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar.

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da sport bi­len meş­gul­lan­mak di­ňe bir on­lar­ça müň ada­myň en­di­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ol hal­kyň dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, sport ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sa­dy sag­dyn we ru­hu­be­lent ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­mek­den yba­rat­dyr. Bu sy­ýa­sa­tyň üs­tün­li­gi hem-de aý­dyň ne­ti­je­le­ri ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe–sa­gal­dyş we sport he­re­ke­ti­niň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni eme­le ge­tir­di.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty döwlet tarapyndan goldamagyň çäklerinde bu ugurdaky milli kanunçylyk hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, bedenterbiýe-sport, Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi. Bu edaranyň öňünde duran wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar, döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän köpugurly stadionlaryň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň, awtodromlaryň we beýleki möhüm desgalaryň gurulmagy bilen bagly möhüm taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky giň möçberli işler adamlary belent ynsanperwer ýörelgeleriň töwereginde birleşdirýän halkara sport hereketine düýpli goşant goşýan Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam edýär. 

Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz welosport, atly sport, awtosport bilen yzygiderli meşgullanyp, ähli ildeşlerimize görelde bolýarlar. Munuň özi türgenlerimizi halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Ýylyň-ýylyna türkmen türgenleri dünýäniň sport giňişliginde has işjeň çykyş edip, dürli derejeli medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolýarlar. Ýur­du­myz tu­tuş dün­ýä­de tem­mä­ki­niň tüs­se­sin­den azat bol­mak ba­bat­da öň­de­ba­ry­jy gör­ke­zi­ji­le­re eýe bo­lan ýurt­dur. Hal­ky­my­zyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek bo­ýun­ça uly ta­gal­la ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, äh­li baş­lan­gyç­la­ry ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ogulşirin MOMMYÝEWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

image THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Biologik dürlüligiň häzirki zaman ekologiýa ýagdaýy

i 43 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Saglyk we sport – durmuşyň gözelligi

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop