Dark
Light
04.01.2026
i 7 THE ASHGABAT TIMES

Ekologiýa syýasaty – abadançylygyň gözbaşy

21.05.2025

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň çäklerinde tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar, olar bilen baglanyşykly möhüm wakalar bolup geçýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde daşky gurşawyň gözelliginiň artdyrylmagy, onuň aýrylmaz bölegi bolan ýeriň, suwuň arassalygy, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagy gazanylýar.

Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesi bilen ýurdumyzda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine badalga bermek asylly däbe öwrülip, her ýyl ýokary ruhubelentlik bilen geçirilýär. Millionlarça miweli we saýaly agaç nahallarynyň ekilmegi bilen geljekde bag nahallary boý alyp, gögerip, ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşar. «Eger kim bir agaç ekse ýadygär//Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen jümlelerden ugur alnyp, ýaş nesiller ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgelere ygrarly bolup, ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gül-çemenlige öwürmek ugrundaky durmuşa geçirilýän asylly işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ekologiýa howpsuzlygy biziň döwletimiz üçin esasy wezipe bolup durýar. Bitarap Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan müňýyllyklara ýaň salýan giň gerimli işler tebigy we taryhy-medeni gymmatlyklary goramakda nusgalyk ýörelgä öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsi örän baýlygy bilen tapawutlanýar. Dünýäniň durnukly we sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülen ekologiýa syýasaty dünýäde deňi-taýy bolmadyk tebigy ýadygärliklerimizi gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, güneşli Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak, ülkämiziň tebigy täsinliklerini bütin dünýäde wagyz etmek, türkmen halkynyň, şeýle-de, umumadamzat baýlygy hökmünde dünýä halklaryna elýeterli etmek ugrunda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi, dünýä halklaryna ýurdumyzyň tebigy täsinlikleri bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösmeginiň täze şertine, halk hojalygynyň geriminde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin netijeli binýada öwrülýär. Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ekologiýa babatda ruhy-ahlak terbiýäni hem-de ýokary medeniýeti, tebigata paýhasly-jogapkärçilikli garamagy hem öz içine alýar. 

Ýaşlara nusgalyk görelde bolup belent maksatlara ruhlandyrýan we Watanymyzyň şöhratly geljegini dabaralandyrjak mynasyp nesilleri ýetişdirmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Laçyn KOLBAÝEWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri

Leave a Reply

Your email address will not be published.

awa 1717401016 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Yurdumyzda  BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Sport sagdynlyk we ruhubelentlik

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop