Dark
Light
04.01.2026
awa 1717401016 THE ASHGABAT TIMES

Yurdumyzda  BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär

20.05.2025

Yurdumyzda  BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji halkara maslahatyny geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu halkara foruma taýýarlyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Foruma hem-de onuň dowamynda geçiriljek ugurdaş çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, 47 sany kiçi ada döwletleriniň, 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda halkara foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde çäreler meýilleşdirilýär, myhmanlary garşylamak, olaryň netijeli işlemekleri üçin ähli zerur şertleri üpjün edilýär.  Şeýle-de forumyň dowamynda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy, halkara forumyň işine dünýä dillerini kämil derejede bilýän ýaşlaryň çekilmegi ýurdumyzda ýaşlara uly orun berilýänliginden nyşandyr.

Geçirilen maslahatda Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini nazara alyp, meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk meselelerine möhüm üns berilmelidigini belledi. Şunda bu işlerde hiç hili ownuk zadyň bolmaly däldigine aýratyn ähmiýet bermek tabşyryldy.

Gahryman Arkadag halkara hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer çärelere möhüm ornuň degişlidigini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäklerinde guraljak medeni çäreleriň täsirli pursatlara we ýatda galyjy wakalara beslenmelidigini aýtdy.

Berdi MYRATGELDIÝEW
Turkmen Dowlet Maliye institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

v ashhabade sostoyalas vstrecha s kitajskimi uchyonymi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Çöllar, yssy günler we belent ylmy pikirler!

i 7 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ekologiýa syýasaty – abadançylygyň gözbaşy

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop