Dark
Light
07.01.2026
b 1 THE ASHGABAT TIMES

Sanly tehnologiýa – ösüşiň ygtybarly binýady

13.06.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly, “akylly” ulgamlar we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. 

Milli Liderimize ilkinji gezek Arkadag şäherinde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklary, onuň gurşap alýan çägi we bu tehnologiýanyň degişli düzümlerdir pudaklar hem-de “akylly” şäher, “akylly” öý ulgamlary, saglygy goraýyş, bilim, senagat, oba hojalyk pudaklarynyň işini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin ähmiýeti barada hasabat berildi. Bu innowasion tehnologiýanyň bir inedördül kilometr meýdançada ýüz müňlerçe enjamy birikdirip, sazlaşykly işletmek mümkinçiligi bar. Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady döwrüň talaplaryna we hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatyna laýyklykda ulgamlaýyn kämilleşdirilýär.

Türkmenistan milli telekommunikasiýa infrastrukturasyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyga açykdyr. Şeýle hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa sebitiniň ägirt uly üstaşyr geçirijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny ornaşdyrmaga, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ösdürmäge ýardam berer.

 Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sanly ulgamynyň maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu babatda daşary döwletler, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Kibergiňişlikde sanly ulgamyň howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň dünýäniň tehnologik taýdan ösen ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi.  Bilim we ylym ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýady hil taýdan döwrebaplaşdyrylyp, internetden peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Şeýlelikde, Bitarap Watanymyz geljege tarap ynamly ädimleri ädýär.

Türkmenistany dünýä ähmiýetli iri halkara telekommunikasiýa merkezine öwürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän netijeli işler ýurdumyzyň ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

c6ce454938dff27c013724e5ca39a413 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly ykdysadyýet – täze ulgamyň uly geljegi

logist THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ulag we aragatnaşyk pudagynda uly ösüşler

Soňkylar Makalalar

Çagalaryň gülküsi – dünýäniň bagty

06.01.2026
Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Agzybirligiň hem-de jebisligiň nyşany bolan Täze ýyl baýramy

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň
GitTop