Dark
Light
04.01.2026
caga bilim dunya THE ASHGABAT TIMES

Ugur: bilimler dünýäsine

23.06.2025

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilimler dünýäsiniň birinji basgançagyny ädimläp, ak mekdebe taýýarlanýarlar.  Biziň çagalar bakja-bagymyzda hem körpeleriň sowatly, bilimli bolmaklary bilen birlikde asylly ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelenilmekleri ugrunda gaýym hyzmatda bolunýar, olaryň sungata, döredijilige höweslerini artdyrmak üçin ähli tagallalar edilýär.

Ata-eneler maşgalada çagalara edep-ekram berseler, çagalar baglarynda terbiýeçiler olara bilim-terbiýe berip, olaryň inçe duýgularyna aralaşýarlar we dünýägaraýyşlaryny giňeldýärler. Olar körpeleriň mekdebe oňat taýýarlykly barmaklary, akyl, zähmet endikleriniň ösdürilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Biziň çagalar bakja-bagymyzda hem kärini söýýän, ussat terbiýeçidir mugallymlar zähmet çekýärler. Terbiýeçilik ojagymyzda çagalaryň sözleýşini ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak, sowat öwretmek, beden saglygy, aýdym-saz, ýönekeý matematika, surat çekmek boýunça sapaklar guralýar. Sapaklaryň üsti bilen körpelerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak, zähmete söýgi döretmek ýaly endikler kemala getirilýär. 

Çaga — durmuşymyzyň güli, ata Watanymyzyň, halkymyzyň geljegi. Her bir maşgala öz çagasyna guwanyp ýaşaýar. Şonuň üçin biz — terbiýeçiler okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk, işjeň usulda guramaga çalyşýarys. Biz mundan beýläk-de hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde zähmetimizi gaýgyrmarys. Ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Şerife IBADULLAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 26-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

medeni logo 25 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Hoş geldiň, Medeniýet hepdeligi!

caga tomus taplama THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Çagalaryň şatlyga beslenýän günleri

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop