Dark
Light
04.01.2026
fffff THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyga esaslanýan täze başlangyçlar

30.10.2025

Halkymyzyň hem-de umumadamzadyň ýaşaýyş-durmuşynda täze taryhy döwrüň sahypasyny bezeýän, şöhratlandyrýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolup geçýän syýasy wakalar, taryhy özgertmeler, öňe sürülýän başlangyçlar, ilkinji nobatda, parahatçylyk, jebislik, özara ynanyşmak ýörelgelerini berkitmäge esaslanýar. Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlarynyň, göz öňüne tutýan maksatlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda giň goldaw tapmagy bolsa, biziň daşary syýasat ugrumyza hem-de hoşniýetli ýörelgelerimize berilýän ýokary bahadyr, bildirilýän belent ynamdyr. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerledýän, berkidýän işjeň döwlet hökmünde öz abraýly ornuny barha pugtalandyrýar. Bu babatda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen 30-dan gowrak Kararnamanyň halkara guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilendigini ýatlamak has-da guwandyryjydyr.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylda türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti has-da artýar. Türkmen Bitaraplygy halklary, döwletleri birleşdirýän dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär, parahatçylyk taglymatyny dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda berkitmegi maksat edinýän gymmatly ýörelge, beýik syýasy üstünlik hasaplanylýar. Şeýle hakykata biz ýene bir halkara çäräniň, ýagny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mysalynda hem şaýat bolduk. Nýu-Ýork şäherinde bolup geçen bu sessiýanyň plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda dünýäniň durnukly ösmegi, adamzat ýaşaýşynyň ygtybarly dowam etmegi, şeýle-de ýüze çykýan ählumumy meseleleri çözmekde döwletleriň hem-de halklaryň tagallalaryny birleşdirmek ýaly mazmuny özünde jemleýän paýhasly pikirleri orta atyp, oňyn başlangyçlary guramanyň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlemegi ynsanperwerligiň nusgalyk görkezijisidir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň Bitaraplyk hukuk derejesiniň jogapkärçiligini aňryýany bilen duýýan hem-de gyşarnyksyz berjaý edýän döwlet bolmak bilen, howpsuzlygy, ählumumy parahatçylygy, birek-birege ynanmagy, özara hormat goýmagy, düşünişmegi goldaýan, bu babatda özara dialoglara ähmiýet berýän, Merkezi Aziýada we dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Bu babatda bolsa biziň döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplygyny möhüm gural hökmünde netijeli peýdalanýar. Şonuň üçinem, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek başlangyjyny öňe sürüp, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň taslamasyna seredilmegini teklip etdi. Çünki Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini syýasat görnüşinde amala aşyrýan, hatda ony kanun esasynda berkidip, jemgyýetçilik durmuşyny şonuň esasynda dowam etdirýän, jemgyýetçilik aňyny şoňa gönükdiren döwlet. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilendigini ýatlamak hem ýerliklidir.
Möhüm başlangyçlary öňe sürüp, halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýä ýaýýan, belent münberlerde parahatçylyk wagyzlaryny beýan edýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Jeren MYRADOWA

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

fabrika formatovgs2oleuvfasqapqghtjdpbpvj0h THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň möhüm talabydyr

alabay 1 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Alabaý – türkmeniň buýsanjy we wepaly dost

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop