Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler, ösüşdir özgertmeler döwrümizi galkyndyrýar, halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny barha belende galdyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda durmuşa geçirilen taryhy işler hem muny aýdyň subut edýär. Tamamlanýan ýylymyz ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmekde ähmiýetli ýyllaryň biri boldy.
BMG-niň goldamagynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň elimize gowuşmagy ýaly möhüm ähmiýetli syýasy wakalar şöhratly taryhymyzyň sahypalarynda öçmejek yz goýdy. Paýtagtymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna, Türkmenistanyň «Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri» atly milli hödürnamasynyň hem bu abraýly guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi geçip barýan ýylymyzyň her gününiň syýasy, ykdysady we medeni taýdan örän ähmiýetli wakalara baý bolandygy bilen häsiýetlenýär.
Halkymyzyň beýik maksatlar, täze arzuw-umytlar bilen garşylaýan 2026-njy ýyly hem tamamlanýan ýylymyz ýaly, beýik işleriň üstünlikli dowam etdiriljek ýyly bolar. Türkmen ykdysadyýetiniň şu günki derejesi diňe bir ýurduň içinde däl, eýsem, daşary döwletlerde-de özara bähbitlere esaslanýan dürli taslamalary amala aşyrmaga esas berýär.
Milli Liderimizi we hormatly Prezidentimizi hem-de ähli halkymyzy Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Halkymyzyň belent ynamyndan güýç alyp, ýurdumyzy parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumlary rowaç bolsun!
Kyýas AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.