Dark
Light
04.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet

26.03.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  taýsyz tagallasy netijesinde eziz Watanymyz Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi.  Hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen parasatly şygarynyň düýp özeni ynsan saglygy hakyndaky belent aladadan gözbaş alýar. Halkymyzyň saglygyny berkitmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň “Sagdyn bedende-sagdyn ruh” pähiminden ugur alynýar. Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugur Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýylsaýyn bu herekete türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Her ýylyň 7-nji aprelinde “Bütidünýä saglyk gününiň” giňden bellenilmegi, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň gurnalmagy, ýurdumyzda  “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasy bolup durýar.

Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesinden ruhlanan, türkmenistanlylaryň, şeýle-de bagtyýar ýaşlaryň köp sanlysy, döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilen şertleriň netijesinde, bedenterbiýe hem-de sport bilen  yzygiderli meşgullanýarlar, türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň sany barha köpelýär, sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýy bolsa has-da belende galýar.

 Pursatdan peýdalanyp, halkymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatlygy ugrunda uly işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!

Şemşat MEREDOWA
Türkmenistanyň Inžener tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

4b69c790c9d7d8d24fec201608303687 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täze döredilen robot-tozan sorujy basgançakda iş geçirip bilýar

p06vcwwr THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kung Fu Panda hakda multfilm görmek hytaýlylara agyr degýär: Amerikalylaryň ýalanlary sebäpli gaharlanýar

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop