Dark
Light
04.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Temperament

24.04.2024

Biz daş-töweregimizdäki adamlara syn edip, olaryň biri-birin-den özleriniň indiwidual, özboluşly aýratynlyklary bilen tapawut-lanýandygyny görýäris. Bir adam gyzma, gaharjaň bolsa, ikinji adam şadyýan,alçak bolýar. Emma üçünji biri beýlekilere görä arkaýyn, so-wukganly bolýar. Şeýlelikde, adamlaryň özlerini alyp baryşlary,he-re ketleri,gatnaşyklary biri-birine meňzemeýärler. Hatda gadym dö-wür lerde hem adamlar biri-birine syn edip, hereketleriniň, özlerini alyp barşynyň birmeňzeş däldigini görüpdirler. Emma şol döwürde adamyň şeýle tapawutlylygynyň nämä baglydygyna düşünmändirler. Temperament baradaky düşünjäni (baryp biziň eramyzdan ozal IV-V asyrlarda ) grek lukmany Gippokrat öwrenip başlapdyr. Ol adamlaryň özlerini alyp baryşlaryna syn edip, şol aýratynlyklary giňişleýin ýazyp görkezmäge we düşündirmäge synanyşypdyr. Temperament adamyň işiniň ähli görnüşlerinde (okuw, oýun, zähmet) ýüze çykýar. Tem-perament adamyň ähli hereketlerine, özüni alyp barşyna, gepleýşine, işiň depginine, adamlar bilen gatnaşygyna, emosiýalaryň bolup geçi-şine we beýleki birnäçe psihiki aýratynlyklaryň ýüze çykyşyna tä sir edýär. Temperament – bu adamyň indiwidual, özboluşly psiho logik aýratyn lygy bolup, psihiki işini we özüni alyp barşynyň dina mi ka sy-ny, derejesini bölüp görkezýän häsiýetidir.

Gadymy grek lukmany Gippokratyň adamyň temperamenti niň tipleri baradaky düşündirişi ylmy esasda gutarnykly subut edilmändir.

Ol adamyň bedeninde gan, nem (limfa), sary-gyzyl we gara öt ýaly dört sany suwuklyk bardyr diýip düşündiripdir. Eger-de şol suwuklyklaryň biri adamyň bedeninde agdyklyk etse, şol hem adamyň temperamentiniň tipini kesgitleýär diýip belläpdir.

Döwran PIRGULYÝEW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

boeing THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

«Boeing» 2030-njy ýyla çenli Aziýada uçarmansyz uçýan taksileri işe girizer

oscar picture THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Oskar üçin täze düzgünler girizildi

Soňkylar Makalalar

Paýhas çeşmesi – terbiýe hazynasy

03.01.2026
Terbiýeçilik işi oýlanyşykly, paýhasly çemeleşmäni talap edýär. Şunda her bir çaga onuň häsiýetine görä çemeleşmek zerur bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Döwletli işleriň dowamy

02.01.2026
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halkymyz üçin düşümli, döwletli ýyllaryň biri boldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa
GitTop