bas THE ASHGABAT TIMES

Dokma pudagynda täze gözýetimler

14.06.2025

Dokma önümleri, hemişe bolşy ýaly, häzirki döwürde-de öz gymmatyny gaçyrmaýan, gaýtam, barha sungat derejesine göterilýän harytlara öwrülýär. Olaryň dünýä bazaryndaky ähmiýeti hem barha artyp, moda sungaty bilen gyradeň, yzygiderli hem baglanyşykly ösüş ulgamyny kemala getirýär. Has takygy, şu günki gün moda dünýäsi dokma önümçiligine Ýer ýüzünde artýan islegleriň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär diýip bolar.

Paýtagtymyzda 11 — 13-nji iýun aralygynda geçirilen «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka bu aýdanlarymyzyň aýdyň şöhlelenmesidir. Halkara dokma sergi-ýarmarkasy köpugurly häsiýete eýe bolup, onda dokma önümleri, önümçilik enjamlary, moda sungaty, dizaýnerlik çözgütleri, işewürlik ýaly özara baglanyşykly, şol bir wagtda-da özbaşdak ugurlar giňden beýanyny tapdy. Gözden geçirilişiň uly ähmiýete eýe bolandygyny oňa dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şeýle hem meşhur dizaýnerleriň gatnaşandygyndan hem görmek bolýar. Olary ýerli dokma senagatynyň depginli ösüşi hem-de milli lybaslarymyzyň gözelligi gyzyklandyrýar. Ýeri gelende, nepis halylarymyzyň, keşdeçiligimiziň, ýüpek önümçiligimiziň, arassa pagtadan öndürilýän önümlerimiziň, jinslerimiziň bütin dünýäde iň meşhur harytlaryň hatarynda durýandygyny bellemelidiris.

Üç günläp dowam eden sergi-ýarmarkada gurnalan 100-den gowrak pawilýonda tanyşdyrylan harytlar we hyzmatlar işewürlik üçin mümkinçilikleri açan bolsa, çäräniň çäklerinde geçirilen ýerli we daşary ýurtly dizaýnerleriň moda görkezilişleri, ussatlyk sapaklary dokma önümleriniň zenan gözelliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde sungat derejesine ýetirilendigini äşgär edýär. Çäräniň meýilnamasyna laýyklykda, gözden geçirilişde türkmen we daşary ýurtly dizaýnerler, bilermenler ussatlyk sapaklary bilen çykyş etdiler. Sergi-ýarmarkanyň ahyrynda bolsa oňa gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy.

Aýgül MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
i 17 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Magtymguly Pyragy-ýürekleriň çyragy

caga owrediji oyun THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Nesil terbiýesiniň ähmiýeti

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop